Kafedralar we bölümler

UMUMY FIZIKA, MATEMATIKA WE INFORMATIKA KAFEDRASY

Kafedranyň mugallymlary institutda bar bolan hemme hünärlerde fizika, ýokary matematika, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary we matematiki modelirleme dersleri boýunça sapaklary okadýarlar. Kafedranyň okuw we tejribe otaglarynda häzirki zaman kompýuterleri, tejribe enjamlary, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary hem – de internet ulgamy ornaşdyrýarylandyr. Mugallymlar köpugurly tehniki taýýarlykly talyplaryň synag geçirmek ukybyny ösdürmek, öz bilimlerini elektroenergetika pudagynyň öňünde durýan möhüm meseleleri çözmäge ulanmak endiklerini kämilleşdirmeklige uly düşünje berýärler. Matematiki modelirleme we kompýuter tehnologiýalary elektroenergiýany öndürmek we ulanmak baradaky meseleleri goýmaga we derňemäge uly mümkinçilik berýär.

Kafedranyň mugallymlary okuw işleriniň ylmy – usuly derejesini kämilleşdirmek maksady bilen okatmagyň häzirki zaman usullaryndan, kompýuter tehnologiýalaryndan, multimediýa ulgamyndan we internetden giňden peýdalanýarlar.

Kafedrada fizika, matematika we informatika dersleri boýunça talyplary döwlet we halkara internet ders bäsleşiklerine taýýarlamak meselesine aýratyn üns berilýär. Kafedrada agzalan dersler boýunça taýýarlanylýan talyplar diňe bir döwlet ders bäsleşiklerine gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem, Ukraina döwletiniň her ýylky geçirilýän halkara William Putnam adyndaky ders bäsleşiklerine, Ysraýylda geçirilýän halkara ders bäsleşikleriniň internet tapgyryna we Ysraýyl döwletiniň Ariel Uniwesitetler merkezinde we Bolgariýa döwleti tarapyndan geçirilýän “SEEMOUS”, “IMC”, “NSOM” atly günorta gündogar ýurtlarynyň arasynda we başga-da birnäçe döwletlerde halkara ders bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp, öňdäki baýrakly orunlary eýeleýärler.