Kafedralar we bölümler

TEHNIKI ULGAMLARYŇ AWTOMATIKASY KAFEDRASY

“Tehniki ulgamlaryň awtomatikasy” kafedrasy institutyň hünär beriji kafedralarynyň biridir. Bu kafedrada Türkmenistanyň energetika we senagat pudaklarynyň kärhanalary üçin “Awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş” we "Elektroenergetika ulgamlaryň rele goragy we awtomatikasy" hünärleri boýunça inženerler taýýarlanylýar.

Kafedranyň mugallymlary bu hünärler boýunça okaýan talyplara häzirkizaman talaplaryna laýyklykda bilim bermek üçin ýörite hünär derslerinden sapaklary geçýärler. Bu sapaklarda talyplara senagat elektronikasynyň, awtomatikanyň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň esaslary öwredilýär.

Kafedra hünärmenleri taýýarlamagyň häzirkizaman talaplaryny üpjün etmek üçin önümçilik kärhanalary bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Kafedranyň mugallymlary önümçilikde ornaşdyrylýan täze enjamlaryň gurluş we işleýiş aýratynlyklary baradaky maglumatlary özleriniň okuw sapaklarynda talyplara yzygiderli ýetirýärler.

Kafedrada energetika pudagynyň önümçilik kärhanalarynyň hünärmenleri bilen maslahatlary we pikir alyşmalary geçirmek arkaly, önümçilikde ýüze çykýan tehniki meseleler öwrenilýär. Şeýle meseleleriň tehniki çözgütlerini işläp düzmek üçin kafedrada ylmy-barlag we derňew işleri alnyp barylýar. Şeýle-de, elektrik energiýany aralyga geçirmekde, paýlamakda we ulanmakda ýüze çykýan ýitgileri azaltmak meseleleri boýunça ylmy derňewler geçirilýär.