Kafedralar we bölümler

SANLY ELEKTRONIKA WE ELEKTROTEHNIKA KAFEDRASY

“Sanly elektronika we elektrotehnika” kafedrasy institutyň hünär beriji kafedralarynyň biridir. Bu kafedrada Türkmenistanyň energetika hem-de senagat pudaklarynyň kärhanalaryndaky desgalaryň we enjamlaryň dolandyryjy ulgamlarynda peýdalanylýan elektron abzallary we gurluşlary tehniki taýdan dogry ulanmagy üpjün etmek üçin “Senagat elektronikasy” we “Mikroelektronika we ýarymgeçirijili abzallar” hünärleri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.

Kafedranyň mugallymlary bu hünärler boýunça okaýan talyplara häzirki zaman talaplaryna laýyklykda bilim bermek üçin hünär we ýörite hünär derslerinden sapaklary geçýärler. Bu sapaklarda talyplara elektrotehnikanyň, senagat elektronikasynyň we mikroelektronikanyň abzallarynyň we enjamlarynyň gurluşlary hem-de işleýiş usullary öwredilýär.

Taýýarlanylýan hünärmenler önümçilik-tehnologiki, guramaçylyk-dolandyryjy we ylmy-barlag işlerini hem-de elektron gurluşlary talaba laýyk ulanmak arkaly olaryň ygtybarlygyny ýokarlandyrmak we hyzmat ediş möhletini uzaltmak boýunça guramaçylyk çärelerini geçirmegi ýokary okuw mekdebinde alan hünärlerine laýyklykda amala aşyrmak başarnyklaryny alýarlar.

Kafedranyň mugallymlary institutyň beýleki hünärlerinde “Elektrotehnikanyň nazary esaslary”, “Elektrotehniki materiallar”, “Senagat elektronikasy”, “Mikroprosessorly dolandyryş ulgamlary” ýaly umumy hünär dersleri boýunça hem sapaklary geçýärler.

Hünärmenleri taýýarlamagyň häzirki zaman talaplaryny üpjün etmek üçin kafedra önümçilik kärhanalary bilen ýakyn baglanyşyk saklaýar we önümçilikde ornaşdyrylýan täze enjamlaryň gurluş we işleýiş aýratynlyklary baradaky maglumatlary kafedranyň mugallymlary okuw dersleriň maksatnamalaryna goşmak bilen geçýän sapaklarynda talyplara ýetirýärler. Şeýle-de kafedra önümçilik kärhanalarynyň hünärmenleri bilen maslahatlary we pikir alyşmalary geçirmek arkaly, olarda ýüze çykýan tehniki meseleleri öwrenmek hem-de şeýle meseleleriň tehniki çözgütlerini işläp düzmek üçin ylmy-barlag we derňew işlerini hem alyp barýar.

Kafedranyň tejribeli mugallymlary özleriniň sapak berýän dersleri boýunça ýokary okuw mekdepleri üçin türkmen dilinde häzirki zaman okuw kitaplaryny hem-de gollanmalaryny taýýarlamaga hem işjeň gatnaşýarlar.