HiEdTec

Iş toparynyň esasy maksatlary:

• Okuw prosesinde infokommunikasion tehnologiýalaryň esasynda innowasion bilim beriş tehnologiýalary we didaktiki modelleri ornaşdyrmak we netijeli durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaş ýurtlaryň bilim ulgamlaryny sanly nesle girizmek;

• Ýewropa Bileleşiginiň we hyzmatdaş ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky aragatnaşygy berkitmek bilen, bilimiň we okuwyň halkara derejesini we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, maglumat-bilim tehnologiýalary we sanly pedagogika ugurlarynda tejribe alyşmak hem-de öňdebaryjy çözgütleri ornaşdyrmak.

Taslamanyň anyk maksatlary:

1. 2019-njy ýylyň awgustyna çenli maglumat-bilim tehnologiýalary we didaktiki modeller boýunça tejribe alyşmak we öňdebaryjy çözgütleri ornaşdyrmak üçin akademiki ulgamda durnukly tory işläp düzmek. Ilki bilen taslama gatnaşýan hyzmatdaş ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde tor ornaşdyrylar, emma soňky basgançaklarynda ol hyzmatdaş ýurtlaryň beýleki ýokary okuw mekdeplerine hem açyk bolar. Ol, taslamanyň resmi taýdan gutaranyndan soň hem işlemegini dowam eder, taslamanyň netijeliligini we durnuklulygyny ýokarlandyrmaga itergi berer.

2. Hyzmatdaş ýurtlaryň her biriniň aýratyn şertlerini nazara alyp, 2019-njy ýylyň dekabr aýyna çenli bilim ulgamyny sanly nesle uýgunlaşdyrmak maksatnamalaryny işläp düzmek. Bilim ulgamyny sanly nesle uýgunlaşdyrmagyň maksatnamasynyň maksady okuw prosesine maglumat-bilim tehnologiýalaryny we didaktiki modelleri girizmek bolup, ol herkime islendik wagt, islendik ýerde, islendik enjamyň – kompýuter, noutbuk, planşet, smartfon we beýlekileriň üsti bilen okamaga mümkinçilik berer.

3. Maglumat-bilim tehnologiýalary üçin merkezleri, 2019-njy ýylyň noýabr aýyna çenli hyzmatdaş ýurtlaryň hemme ýokary okuw mekdeplerinde işjeň okuw otaglaryny, wirtual auditoriýalary döretmek.

4. 2020-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli tälimçiler we mugallymlar üçin sanly başarnyklary okatmagyň we öwretmegiň innowasion usullaryny öwrenmekde okuwlary guramak.

5. 2021-nji ýylyň awgust aýyna çenli bilim gorlarynyň we sanly bilim beriş çeşmeleriniň wirtual bulut kitaphanasynyň açylmagyny işläp düzmek.

6. Hyzmatdaş ýurtlaryň bilim edaralarynda we bütinleýin jemgyýetde bilim ulgamynyň sanly nesle uýgunlaşmagynyň wajyplygynyň habarlylygyny ýokarlandymak.



Pursatlar: