Elektrik energiýasyny sarp edijileriň bir penjire ulgamy

Teklip edilýän iş programma üpjünçiligine degişli bolup, Elektroenergetika pudagynyň energogözegçilik gulluklarynda ulanmaklyk üçin niýetlenendir. Gurluşy boýunça bu ulgam iki bölekden ybarat bolup, sarp edijiniň penjiresinden we admin-operatoryň penjirelerinden durýar.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Maryenergo” önümçilik kärhanasynyň binýadynda “Elektrik energiýasyny sarp edijileriň bir penjire ulgamyny” işe girizmek meýilleşdirilýär. Bu ulgamyň esasynda bir penjire prinsipi boýunça Mary welaýatynyň elektrik energiýasyny sarp edijilerine hyzmat edýän toplumlaýyn ulgam dörediler. Bu ulgam aşakda görkezilen maksatlary amala aşyrmak üçin döredilýär:

• Energokärhanalary bilen elektrik energiýasyny sarp edijileriň arasyndaky özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak;

• Elektrik energiýasyny sarp edijilere hödürlenýär hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak;

• Dürli derejedäki elektrik energiýasyny sarp edijiler bilen alnyp barylýan işleriň monitoringini we seljermesini amala aşyrmak.

Mundan başga-da “bir penjire ulgamy” elektrik energiýasyny sarp edijiler bilen işlemekde esasy maglumatlar çeşmesi bolup hyzmat edýär we sarp edijilerden gelýän ikilenç talaplary anyklamaga hem-de sarp edijiler bilen energokärhanasynyň arasynda döreýän düşünmezlikleri seljermäge, aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär.

“Elektrik energiýasyny sarp edijileriň bir penjire ulgamy” aşakdaky mümkinçilikleri döredýär:

• Energokärhalary bilen elektrik energiýasyny sarp edileriň arasyndaky özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga;

• Elektrik energiýasyny sarp edijelere hödürlenýär hyzmatlaryň hilini gowulandyrmaga;

• Dürli derejedäki elektrik energiýasyny sarp edijiler bilen alnyp barylýan işleriň monitoringini we seljermesini amala aşyrmaga;

• Maglumatlar binýadynyň sanly formatyny döretmek;

• Döwlet hyzmatlaryny bermegiň işiniň awtomatizasiýasyny üpjün etmek;

• Elektron hyzmatlarynyň döwlet portalynyň üsti bilen berilýän döwlet hyzmatlary üçin elektron maglumatlarynyň ýeke-täk merkezleşdirilen biýnadyny döretmek;

Programma üpjünçiligi C sharp (C#) programmalaşdyryjy dilinde işlenip taýýarlanyldy.



Awtorlar:

Jumaýew Aganiýaz Ýagşyýewiç, Batyr Hançaýew