FOTOELEKTRIK GÜN STANSIÝASYNY TASLAMAGYŇ SANLY ULGAMY

Fotoelektrik gün stansiýalarynyň ygtybarly we netijeli işlemegini üpjün etmek üçin taslamany işläp düzmekde bildirilýän gurnama iş kadalaryny berjaý etmek zerurdyr. Fotoelektrik gün stansiýalaryň ygtybarly we netijeli işlemegi birnäçe alamatlardan baglydyr, ýagny stansiýanyň gurnaljak ýeriniň geografik koordinatalaryna, gorizontal tekizlige görä amatly burça gyşardylan gün panelleriniň üstüne ýylyň dowamynda düşýän Günüň radiasiýasynyň intensiwliginiň bahalaryna, gün panelleriniň degişli ýer üçin amatly gyşarma burçlaryna, daşky howanyň temperaturasyna baglydyr. Bu bellenilenleriň esasynda fotoelektrik gün stansiýanyň ýylyň dowamynda öndürip biljek elektrik energiýasyny kesgitlemek, onuň gurulmagy meýilleşdirilýän ýerlerini anyklamak, şeýle hem stansiýanyň energetiki parametrlerine howa şertleriniň täsirini öwrenmek wajyp meseleleriň biri hasap edilýär.

Ýurdumyzda kabul edilen “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” esasynda şeýle hem “Energiýany tygşytlamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” çäklerinde energiýanyň gaýtadan dikelýän görnüşi bolan güniň energiýasyny, hususanda foloelektrik gün batareýalaryny peýdalanyp fotoelektrik gün stansiýasyny taslamak maksady bilen “Fotoelektrik gün stansiýasyny taslamagyň sanly ulgamy” atly programma üpjünçiligi işlenip taýýarlandy.

Işlenip taýýarlanylan programma üpjünçiligi aşakdaky işleri we hyzmatlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär:

Netijede işlenilip düzülen bu programmanyň üsti bilen hasaplama usuly teklip edilýär. Bu programmany fotoelektrik gün stansiýasynyň taslamasy işlenilip taýýarlanylanda giňden peýdalanmak boljakdygy geçirlen hasaplamalaryň üsti bilen düşündirilýär. Programmanyň kömegi bilen tekiz üste düşýän erkin görnüşindäki gün radiasiýasynyň bahasyny hasaplamak bolýar.

Fotoelektrik gün stansiýasyny taslamaklygyň tehniki taýdan çylşyrymly meseläniň gozgalýandygyny hasaba alyp, bu programmanyň üsti bilen stansiýanyň düzümine girýän elementleri saýlap almaklygy ýönekeý usulda ýerine ýetirmek mümkinçiligi ylmy esasda derňeldi. Teklip edilýän programma üpjünçiligi özünde maglumatlar bazasyny saklamak bilen, taslanyljak fotoelektrik stansiýasynda ulanylmagy göz öňünde tutulýan enjamlaryň (fotoelektrik gün batareýalarynyň, kontrolleriň, akkumulýator batareýalarynyp, inwertorlaryň we beýlekileriň) tehniki görkezijilerini özünde jemleýär.

Programma üpjünçiligi fotoelektrik gün stansiýasy gurulmagy meýilleşdirilýän ýerdäki degişli başlangyç maglumatlar girizilip hasaplama işleri ýerine ýetirilýär. Ýerine ýetirilen hasaplama maglumatlar bazasynda saklanylýar. Bu programma üpjünçiligi taslama işlerindäki hasaplamalary takyk we gysga wagta ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Programma üpjünçiligi Delphi programmalaşdyryjy dilinde işlenip taýýarlanyldy.



Awtorlar:

Allanazarow Nurmuhammet, Saryýew Kakageldi Atajanowiç, Ataýew Eziz.