Hasapçy

Awtomatlaşdyrlan dürli hasap maksatnamalar we gurluşlar eýýäm ýurdumyzdaky uly söwda merkezlerinde giňden ulanylyp başlandy. Şeýle maksatnamalaryň milli dilimizde we milli manadymyz boýunça utgaşykly hasaplamalary amala aşyryp biljek görnüşini işläp taýýarlamak bolsa döwrebap meseleleriň biri bolup durýar. Islendik görnüşli söwda merkezleriniň işini dolandyrmaga, dürli hasaplamalary amala aşyrmaga ýardam berjek “Hasapçy” maksatnamasynyň, şeýle hem, naharhanalarda we kafelerde söwda işiniň awtomatlaşdyrylmagy, müşderi hyzmatlarynyň ýeňilleşdirilmegi maksady bilen taýýarlanan “Aşpez hasap” maksatnamasynyň taýýarlanylmagy hem hut şol maksada gönükdirlendir.

Bu maksatnamalaryň esasy mümkinçilikleri aşakdakylardyr:

• Harytlaryň ammarda galan mukdaryny hasaplamak;

• Ýazga haryt bermek we beýleki algy-bergi amallaryny dolandyrmak;

• Mukdary gutaran ýa-da azalan harytlary anyklamak;

• Barkodsyz harytlara barkod çap etmek;

• Müşderilere hasap çek çap etmek;

• Harytlara toplumlaýyn arzanladyş ýa-da gymmatladyş yglan etmek we toplumlaýyn baha üýtgetmeler;

• Lokal torda birnäçe kompýuterde programmany işletmek we kassir hukuklaryny administrator tarapyndan dolandyrmak;

• Internet ulgamy arkaly birnäçe nokatdaky dükanlary bir binýatda "birikdirmek";

• Ýörite SIM kartaly modemi kompýutere birikdirmek arkaly müşderilere, algydarlara, şeýle-de islendik belgä sms ugratmak;


"Aşpez Hasap" programmasy naharhanalar üçin niýetlenip, ol “Hasapçy” maksatnamasynda agzalan mümkinçilikleriň ählisini diýen ýaly özünde jemleýär. Olardan başga bolsa bu maksatnamanyň şu aşakdaky artykmaçlyklary bar:

• Naharyň girizilen düzümine görä, her satylan porsiýa naharyň düzümine düşýän harydyň degişli mukdaryny awtomatiki ammaryň galyndy hasabyndan aýyrmak;

• Birnäçe çek printer gurnamak we degişli bölümlere degişli nahar sargyt edilende olary taýýarlamak buýrugyny degişli printere ibermek.


Meselem: Aşhanada, barda we daşardaky mangalda printer gurnalan. Müşderi 1 sany çorba, 1 sany lüle, we 2 sany suw sargyt edende, Aşhanadaky printere 1 çorba, mangaldaky printere 1 lüle, bardaky printerde bolsa 2 suw taýýarlamak baradaky buýruk teksti çap ediler.


Awtor:

Kerimberdi Akmyradow