Sanly işgärler bölümi

Bu taýýarlanan maksatnama edara-kärhanalarda işgärler bölüminde ýerine ýetirilýän birnäçe işleri awtomatlaşdyrmaga ýardam berer. Bu programma üpjünçiliginiň aşakdaky ýaly mümkinçilikleri bardyr:

• Işgärler hakyndaky maglumatlar binýadyny döretmek;

• Maglumatlar binýadynyň içinden gözleg we idäp tapmak ýeňillikleri. Bir ýa-da birnäçe işgär hakyndaky maglumatlary tiz tapmak üçin bu hakdaky belli bolan bölek setirleri aralary boşluk (probel) bilen ýazmak ýeterlik;

• Işgärleriň maglumatnamasyny taýýarlamak we dolandyrmak;

• Zähmet depderçesiniň elektron görnüşini dolandyrmak;

• Iş sagatlary we baýramçylyklary, rugsatlary hem-de boş iş günleri hasaba almak netijesinde, tabel hasaplamalaryny taýýarlamak;

• Işgäri başga wezipä geçirmek ýa-da işden çykarmak;

• Işden çykan işgärleriň arhiwini döretmek we islendik wagt yzyna işe almak;

• Işgäriň hasabyna islendik elektron resminamany (maglumatnama, surat, wideo, alan üstünlikleri we temmileri hakyndaky resminamanyň skaner nusgasy we ş.m) berkidip, islendik wagt görmek;

• Maglumatlar binýadynyň ätiýaçlyk göçürmesini almak we beýleki käbir howpsuzlyk çäreleri;

• Lokal torda birnäçe ulanyjy boýunça programmada utgaşykly işlemek.



Awtor:

Kerimberdi Akmyradow