MUGALLYMYŇ HUSUSY OTAGY

Sanly bilim giňişligi – okatmagyň subýektleriniň, maglumatyň mazmunynyň we okatmagyň hem-de üznüksiz hünär kämilleşdiriş ulgamynyň ähli gatnaşyjylarynyň bilim maksatlary üçin döredilýän we ulanylýan lokal, korporatiw we global kompýuter torlarynyň kommunikasion mümkinçilikleriniň jemidir. Sanly bilim giňişligi okuw prosesiniň ähli gatnaşyjylarynyň netijeli aragatnaşygyny üpjün etmek üçin döredilýär we ösdürilýär. Mugallymyň, tor administratorynyň we bilim obýektiniň aragatnaşygy bolmazdan sanly bilim giňişliginiň hereket etmegi mümkin däldir.

Türkmenistanyň Mejlisiniň 2020-nji ýylyň 14-nji martynda geçiren altynjy çagyryşynyň dokuzynjy maslahatynda kabul edilen “Elektron resminama, elektron resminama dolanşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Kanunyň esasynda ýokary okuw mekdebiniň içki torunda, ýagny intranetde elektron resminama dolanşygyny üpjün etmek maksady bilen “Mugallymyň hususy otagy” atly programma üpjünçiligi işlenip taýýarlandy.

Işlenip taýýarlanylan “Mugallymyň hususy otagy” programma üpjünçiligi ýokary okuw mekdebiniň çäginde işleýän içki torda işlemäge niýetlenendir we administrator her bir mugallyma öz hususy otagyna girmek üçin ýörite açarlary berýär.

Administrator ýa-da ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary islendik mugallymyň hususy otagyna girip, mugallym baradaky maglumatlar we mugallymyň alyp barýan işleri bilen doly tanyşyp bilýär, şeýle hem diagrammada mugallymyň ýerine ýerirýän işleri boýunça işjeňligini görkezýän maglumaty görüp bilýär. Teklip edilýän programma üpjünçiligi aşakdaky işleri we hyzmatlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Esasy sahypa girip, aşakdaky maglumatlary alyp bolýar: Mugallym barada ähli maglumatlary; Mugallymyň ylmy žurnallarynda, halkara ylmy-amaly maslahatlarynda, merkezi we welaýat gazetlerinde çap eden makalalary; Mugallymyň ýokary okuw mekdebinde alyp barýan ylmy-barlag işleri barada maglumatlary; Mugallymyň taýýarlan sapaklarynyň wideoýazgylary, tanyşdyryşlary we olaryň sanawy baradaky maglumatlary; Mugallymyň ýokary okuw mekdebiniň, welaýatyň we döwletiň çäklerinde geçirilen ylmy maslahatlardaky çykyşlary baradaky maglumatlary; Mugallymyň okadýan dersleri baradaky maglumatlary; Ýokary okuw mekdebiniň çäginde elektron hatlar bilen tanyşmak, hatlara jogap bermek we ýerine ýetirmek üçin ulanmak baradaky maglumatlary; Mugallymlar üçin bildirişler, görkezmeler we beýleki maglumatlary we bir wagtda tora berigen mugallymlaryň arasynda çat hyzmatlaryny gurnamak; Mugallymyň neşirýatda çap eden okuw kitaplary we okuw gollanmalary bilen tanyşmak we olarynyň sanawy baradaky maglumatlary alyp bolýar.

Programma üpjünçiligu C Sharp (C#) programmalaşdyryjy dilinde işlenip taýýarlanyldy.



Awtorlar:

Jumaýew Aganiýaz Ýagşyýewiç, Batyr Hançaýew