"Sanly ýokary okuw mekdebi"

Häzirki zaman ýokary okuw mekdebiniň işi köpugurly häsiýete eýedir we maglumat tehnologiýalarynyň esasynda ýokary okuw mekdebini dolandyrmagyň bitewi ulgamyny döretmek çylşyrymly toplumlaýyn mesele bolup, köp sanly guramaçylyk we tehnologiki meseleleri çözmegi talap edýär.

Sanly ýokary okuw mekdebi häzirki zaman dolandyryş ulgamy bolup, ýokary okuw mekdebiniň işini aralykdan dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýokary okuw mekdebinde maglumatlary sanly görnüşe geçirmeklik işlerini iki ugurda alyp barmak bolýar, ýagny administratiw- dolandyryş we bilim bermek ugurlarynda alnyp barylýan işleri almak bolar. Ýokary netejelilikli dolandyryş ulgamyny döretmekde gazanylýan üstünlikler gönüden-göni usulyýet üpjünçiligine, işleriň başlangyç tapgyrynda geçirilen seljerme işlerine we ýokary okuw mekdebiniň düzüm bölümleriniň özara baglanyşygyna hem-de olaryň işleriniň wajyp ugurlaryny aýratyn bölüp aýyrmaklyga, şeýle hem okuw işleriň we olaryň görkezijileriniň sebäp baglanyşygyny içgin öwrenilmegine we işlenilmegine baglydyr.

Işlenip taýýarlanylan programma üpjünçiligi aşakdaky işleri we hyzmatlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär:

• Talyplar üçin hyzmatlar: okuwyň dowamynda talybyň okuw sapaklaryna ýetişigi baradaky maglumatlar, okuw meýilnamalary, okuw üçin tölegleri amala aşyrmak gerekdigi baradaky habarlar, okuw üçin tölegleri kredit kartlaryň üsti bilen amala aşyrmak bolýandygy baradaky maglumatlar;

• Mugallymlar üçin hyzmatlar: Mugallymlara talyplaryň sanawy bilen tanyşmak mümkinçiligi, öz okuw ýylynda garaşylýan talyplar barada maglumatlary almak, okuw ýylyndaky talyplaryň ýetişigi bilen tanyşmak, on-laýn režiminde talyplaryň ýetişigine baha bermek we mugallymlaryň hususy meýilnamalaryny matrisa görnüşinde işläp taýýarlamak;

• Önümçilik edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmek, degişli hünärleriň uçurymlary bilen önümçilik kärhanalarynyň arasynda özara baglanyşygy gurnamak;

• Maliýe serişdelerini meýilleşdirmek we olaryň sarp edilişine gözegçilik etmek, aktiwleri dolandyrmak, zähmet haklarynyň tölegleriniň amala aşyrylyşyna gözegçilik etmek, harytlary satyn almak hem-de hyzmatlar üçin tölegleri amala aşyrmak;

• Maliýe işlerini dolandyrmak, maliýe işleri boýunça hasabatlary taýýarlamak, maliýe resminamalaryny taýýarlamak we dolandyrmak;

• Işgärler düzümini dolandyrmak, her bir işgäriň zähmet işleriniň hasaba alnyşy, zähmet haklarynyň hasaplanylyşy, aýlyk zähmet haklaryna goşmaça tölegler, ähli wagtlarda işlän işgärler barada hasabat işlerini alyp barmak;

• Dalaşgärler üçin maglumatlar we hünäre ugrukdyryş işleri;

• Mugallymlar, talyplar we maliýe işleri barada hasabatlary işläp taýýarlamak.

Programma üpjünçiligi C Sharp (C#) programmalaşdyryjy dilinde işlenip taýýarlanyldy.



Awtorlar:

Jumaýew Aganiýaz Ýagşyýewiç, Batyr Hançaýew