Kafedralar we bölümler

MEHANIKA WE METALLARYŇ TEHNOLOGIÝASY KAFEDRASY

Kafedra “Metallary işläp bejermegiň tehnologiýasy we maşynlary”, “Elektrik we elektromehaniki enjamlaryň tehniki ulanylyşy, hyzmat edilişi we abatlaşdyrylyşy” we “Tehnologiki maşynlar we enjamlar” hünärleri boýunça inžener-mehanikleri taýýarlaýar. Taýýarlanylýan hünärmenler maşynlaryň detallaryny abatlamagyň we maşynlary düzmegiň tehnologiýasyny, maşynlaryň gurnalyşyny, hasaplanylyşyny we konstruirlenilişini, maşyngurluşyk pudagyndaky tehnologik prosesleri awtomatlaşdyrmagyň toplumlaýyn taslamalaryny işläp düzmegi, olary awtomatiki serişdeler arkaly dolandyrmagy ýokary okuw mekdebinde alan hünärine laýyklykda amala aşyrmak başarnyklaryny ele alýarlar. Olara köpçülik bilen işlemeklik, işgärleri agzybirlik, maksadaokgunlylyk, Watansöýüjilik ruhynda terbiýelemeklik, nazary bilimlerini we terbiýeçilik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmeklik, öz ugrundan toplan ylmy maglumatlaryny işinde ýerlikli ulanmaklyk we zähmeti ylmy esasda guramaklyk öwredilýär.

Häzirki döwür her bir hünärmeniň öz işine döredijilikli çemeleşmegini talap edýär. Şonuň üçin kafedranyň mugallymlary önümçilik kärhanalary bilen ýakyn arabaglanşygy saklaýarlar we önümçilige ornaşdyrylýan täze innowasion tehnologiýalar barada yzygiderli gyzyklanýarlar we oňa talyplary hem çekýärler. Kafedrada talyp ýaşlar üçin “Ýaş konstruktor” we “Ýaş mehanik” atly gurnaklar hereket edýär. Kafedrada kompýuter tehnologiýasy giňden ulanylýar. Taslamak, hasaplamak we konstruirlemek üçin dürli kompýuter maksatnamalaryndan peýdalanylýar.

Kafedranyň tejribeli mugallymlary ýerli çig mallary halk hojalygynda ulanmaklygyň mümkinçilikleriniň ylmy esaslaryny işläp düzmek we olary önümçilikde ulanmak ýaly temalar we ugurlar boýunça ylmy-barlag işlerini yzygiderli alyp barýarlar we bu ylmy işlere talyplary hem çekýärler.