Kafedralar we bölümler

MAGLUMAT TEHNOLOGIÝALARY KAFEDRASY

"Maglumat tehnologiýalary" kafedrasy institutyň hünär beriji kafedralarynyň biridir. Bu kafedrada Türkmenistanyň energetika we senagat pudaklarynyň kärhanalary üçin ,,Awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygynyň toplumlaýyn üpjünçiligi” hünäri boýunça inženerler taýýarlanylýar. Kafedranyň işi jemgyýetçilik ýaşaýşynyň ähli pudaklaryna maglumat tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylyşy bilen aýrylmaz baglydyr. Şol sebäpli hem, kafedranyň alyp barýan işiniň baş maksady maglumat tehnologiýalary ugry boýunça hünär derejesi ýokary hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.

Kafedranyň professor-mugallymlarynyň düzümi talyplara häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän çuňňur bilim berýärler. Geljek hünärmenler maglumat tehnologiýalarynyň iň döwrebap görnüşlerinden peýdalanmaklygyň esasynda bilim alýarlar. Sapaklarda talyplar maglumat howpsuzlygynyň esaslaryny, programmirleme diliniň usullaryny, tor arabaglanyşygynda daşky hüjümlerden goranmagyň esaslaryny öwrenýärler, şeýle-de, maglumatlary goramaklygyň tehniki serişdeleri barada giňişleýin düşünje alýarlar.

Kafedra hünär derejesi ýokary hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen önümçilik kärhanalary bilen ýakyn arabaglanyşyk saklaýar. Kafedranyň mugallymlary önümçilige ornaşdyrylýan täze tehnologiýalaryň gurluş we işleýiş aýratynlyklary barada yzygiderli maglumat berýär.

Ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary bilen aýakdaş gitmegi özlerine maksat edinen mugallymlar we talyplar özleriniň ylmy işleri we taslamalary bilen ýaş alymlaryň bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşýarlar.

Kafedrada ýurdyň energetika pudagynyň önümçilik kärhanalrynyň hünärmenleri bilen tejribe alyşmak işleri hem amala aşyrylýar, önümçilikde ýüze çykýan tehniki meseleler hemmetaraplaýyn öwrenilýär we şol meseleleri çözmek maksady bilen ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Şeýlelikde, kafedranyň uçurymlary diňe bir özleriniň giň gerimli hünär taýýarlygy bilen tapawutlanman, eýsem, özleriniň binýatlaýyn çuňňur bilimleri we öwrenen nazary ylymlaryny tejribede ulanyp bilmek başarnyklary bilen, galyberse-de, maglumatlary özbaşdak gözläp tapyp bilmek ukyplary bilen hem tapawutlanýarlar. Bu bolsa olara diňe bir energetika pudagynyň dürli ugurlaryndan däl-de, eýsem onuň çarçuwasynyň daşyna çykýan meselelerden hem baş alyp çykmaklaryny gazandyrýar.