MATERIALLARYŇ ŞIKESLERINIŇ ULTRASES USULYNDA BARLANYLYŞY

Arkadag Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda 2013-nji ýylyň aprel aýynda “Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013–2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” kabul edildi. Bu Konsepsiýa jemi 2 tapgyrdan ybarat bolup, birinji tapgyry 2013-2016–njy ýyllary, ikinji tapgyry bolsa, 2017–2020–nji ýyllar aralygyny öz içine alýar. Birinji tapgyrda 8 sany, ikinji tapgyrda bolsa, 6 sany gazturbinaly elektrik bekedini gurup ulanmaga bermek göz öňünde tutulandyr. Meýilnamada göz öňünde tutulyşy ýaly, Konsepsiýanyň birinji tapgyry bellenilen möhletde ýerine ýetirildi.

Energetika pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda okuwyň mazmuny baýlaşdyrylýar we hili ýokarlandyrylýar.Ýaşlary hünäre ugrukdyrmak, saýlanan hünäre höwes, gyzyklanma döretmek üçin umumy, amaly we tejribe okuw sapaklarynda döwrüň talabyna laýyk gelýän kämil, täze tehnologiýalary, okuw görkezme esbaplary, tehniki serişdeleri peýdalanmak mugallymlaryň öňünde önümçilik bilen bagly wezipeleri talyplara göwnejaý öwretmeklerine ýardam edýär.

Ýokary okuw mekdeplerinde hünär ussatlygyny gazanmagyň şertlerini öwrenmek zerurlygy-da ýüze çykýar. Hünär ussatlygyny gazanmak üçin, oňa degişli dersleri okatmakda önümçilik bilen berk baglanyşygy bolan okuwlaryň guralmagy hökmandyr.

Bu meseläniň çözülişine inženerçilik ugry boýunça hünärmen taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerinde (ugurdaş bölümlerde) „Metallary işläp bejermegiň tehnologiýasy we maşynlary“ ýaly temalaryň öwredilişiniň mysalyna garalyň. Tema boýunça nazary maglumatlar berlende, utgaşykly bug-gaz desgalaryndaky esasy enjamlaryň bölekleriniň we mehanizmleriniň aýratynlyklary, olaryň işleýiş usullary, materiallarynyň gurluşy we häsiýetleri önümçilik tejribesiniň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrylyp öwredilmelidir. Mugallymyň okuw sapagynyň nazaryýet bölümini beýan edende, materiallaryň ulanylyşyndaky tehniki ýagdaýyna baha bermegiň önümçilikdäki usullaryny ýerlikli peýdalanmagy ähmiýetlidir. Munuň üçin bolsa, mugallym degişli temany beýan edende, gazturbina hereketlendirijileriniň (dwigatelleriniň), gazy üstünden geçiriji enjamlaryň has uly ýük düşýän bölekleriniň işçi pilçelerdigini, olaryň ulanylyş wagtynda belli bir statiki, dinamiki we temperatura ýüklenmelere sezewar bolýandygyny belleýär. Bu ýerde mugallymyň umumy tehniki dersler bilen baglanyşykly statiki, dinamiki ýüklenmelere degişli maglumatlaryň dersara baglanyşygyny gurap bermegi möhümdir.

Ulanyşyň dowamynda gazturbina hereketlendirijileriniň pilçeleriniň materialy özüniň berklik häsiýetini ýitirýär. Pilçäniň metal materialynyň hakyky tehniki ýagdaýyna baha bermek üçin esasy detallarynyň nusgalarynyň (makroşlifleriniň) taýýarlanylmagy we metallaryň mikrostrukturasyny metallografik usulda derňäp, esasy detaly dargadyp, kesip bölmek arkaly barlamaly bolýar. Netijede, etalon bilen deňeşdirilip, ondan soňky ulanylyşa goýberilmesine ygtyýar berilýär. Barlaglaryň bu usullarynyň çylşyrymlylygy, köp zähmet talap edýändigi we dowamlylygy sebäpli, şeýle usul bilen abatlaýyşdaky geçirilýän barlaglar netijeli däldir. Şonuň üçin metallaryň şikesleriniň anyklanylyp, derňeliş usullaryndan ultrases barlag usulyny peýdalanmak maksadalaýykdyr.

Ultrases barlagynyň hödürlenilýän usuly we serişdesi pilçäniň kese kesigine ultrases yrgyldysy bilen impulsyň berilýändigi hem-de ultrases yrgyldysynyň metalyň gurluşynyň birmeňzeş däldigi üçin, serpigýän dürli ýygylykdaky tolkunlaryň toplumlaýyn kabul edilip, maglumatlaryň alynmagyna esaslanandyr.

Ultrases önümlerde kemçilikleriň ýokdugyny barlaýan enjamyň (defektoskopyň) mümkinçilik berýän derejesiniň “sesler” bilen çäklenýändigi bellidir. Tejribelerde bu “sesler” belli bir kanunalaýyklyga eýedir we olaryň artmasy pilçäniň işlemek möhletiniň tamamlanmagy bilen baglydyr. Pilçäniň işlemek möhletiniň tamamlanmagynyň bahalandyrylmasy üçin, serpigýän ultrases signallarynyň dürli ýygylykdaky tolkunlarynyň toplumynyň maglumatlary böleklere bölünip, soňra bolsa sanlaýyn işlenýär. Serpigýän signallaryň dürli ýygylykdaky tolkunlaryň toplumynyň seljerilmesinden soň, standart gyşarma ululyklary we olaryň üýtgeýişi boýunça pilçäniň işlemek möhletiniň tamamlanma derejesiniň bahalandyrylmasy amala aşyrylýar. Bu düzgünler nazary taýdan esaslandyrylan bolup, standart nusgalarda hem-de ulanylyşyň dürli tapgyrlarynda pilçäniň asyl nusgasynda synaglaryň we derňewleriň geçirilmegi bilen aýdyňlaşdyrylýar. Bu usulyň esasynda nusgany kesip bölmesiz taslamagyň matematiki ülňüsi, algoritmi, kompýuter programmasy işlenilip düzülýär we ultrases nanoskopiýanyň nusgalyk tejribesi taýýarlanylýar. Bu tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy gazturbina hereketlendirijileriniň pilçeleriniň metal materiallarynyň ýagdaýy barada obýektiw maglumaty almaga mümkinçilik berýär. Ultrases nanoskopiýa usulynda pilçäniň işe goýberilen pursatyndan onuň ulanylyş döwrüne çenli alnan netijeleriň elektron ýazgysynyň düzügünleşdirilip ulanylmagy, bu usulyň peýdalanylmagynyň netijeliligini ýokarlandyrýar. Netijede, pilçäniň işe göýberilen pursatyndan onuň ulanylyş döwrüne çenli alnan netijeler ýörite tablisalarda tertipleşdirilip ýerleşdirilýär we pilçäniň ulanylyşynyň ähli döwrüniň dowamyndaky maglumatlara gözegçilik edip, baha berip bolýar.

Bu usul gazy sorup geçiriji agregatyň gazturbina hereketlendirijisiniň pilçeleriniň howpsuz ulanylyşyny hem üpjün edýär.

Hünär okuwlarynda mugallym talyplaryň özbaşdak işlemekligini gazanmalydyr. Özbaşdak işlemeklik berlen tehniki metal materiallaryň anyklanyp, seljerilip peýdalanylmagyna esaslanandyr. Esasan hem, önümçilik-tehniki meseleler çözülende, özbaşdak işlemek orän köp pikirlenmegi talap edýär, talyplarda alan bilimlerini umumylaşdyryp, kesgitli ýagdaý üçin peýdalanmak başarnygyny kemala getirýär.

Aşakdaky 1–2–nji suratlarda gazturbina hereketlendirijisiniň pilçeleriniň ulanylyş möhleti bahalandyrylanda peýdalanylýan esasy maglumatlar berilýär.

1–nji suratda pilçäniň metal materialyndan standart nusgada taýýarlanan metalyň gurluşynyň birsydyrgynsyzlygyndan serpigýän ultrases signallaryň ölçeniliş çyzgysy (shemasy) görkezilýär:

1-nji surat. Pilçäniň metal materialyndan standart nusgada taýýarlanan metalyň strukturasynyň birsydyrgynsyzlygyndan serpigýän ultrases signallaryň ölçeniş çyzgysy

1- nusganyň ak reňk bilen reňklenen gyrasy;

2- nusganyň ak reňk bilen belgilenen tarapy;

3- nusganyň belgilenmedik tarapy;

4- nusganyň orta bölekdäki kesigi;

5- nusganyň ak reňk bilen belgilenen tarapa ýakyn kesigi;

6- nusganyň belgilenmedik tarapa ýakyn kesigi;

7- nusganyň ak reňk bilen belgilenen uçlardaky kesigi;

8- nusganyň belgilenmedik uçlardaky kesigi.

2-nji surat. Splawlardan bolan detallaryň toplumlaýyn ultrases barlagynyň funksional çyzgysy (shemasy)

Suratlarda getirilen mysallar arkaly gazturbina hereketlendirijileriniň pilçeleriniň näçe wagtyň dowamynda işe ýaramly boljakdygy bahalandyrylýar. Ýokardaky 2-nji suratda ultrases defektoskopyň esasy elementleri we onuň mümkinçilik berýän derejesini öwrenmäge degişli çyzgy (shema) görkezilýär. Umumy düzgünlerden peýdalanylyp getirilen maglumatlar arkaly haýsy-da bolsa bir tehniki şert üçin çözgütler kesgitlenilýär. Bu talyplaryň tehniki pikirlenişini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Materiallaryň şikesleriniň ultrases usulynda barlanylyşynyň nazaryýet esaslandyrmalarynda turbinanyň pilçeleriniň iş möhletiniň tamamlanma ululygy aşakdaky formula boýunça kesgitlenýär:

bu ýerde Uk – pilçeleriň materialynyň ygtyýar berilýän ýagdaýyň çägine laýyk gelýän serpigýän ultrases yrgyldylaryň standart gyşarmalary;

σ – const, U=Ubaş. we R=0,05 bolanda, ýokardaky deňlemäniň çözgüdiniň netijesinde kesgitlenýän hemişelik;

Ubaş. – turbinanyň pilçeleriniň ulanylyşa başlanylmazyndan öň, serpigýän signallara laýyk gelýän, serpigýän ultases yrgyldynyň standart gyşarmasy. Ubaş.=30mV.

Netije: Makalada gazturbina hereketlendirijilerini pilçeleri kesip bölmesiz (sökülmesiz) barlama usuly barada aýdylýar. Bu usul, esasan, materiala ultrases signallarynyň serpikmesine esaslanandyr. Bu tär pilçäniň işiniň dowamlylygyna baha bermäge mümkinçilik berýär. Şu makalada önümçilik şertlerinde geçirilen barlaglaryň netijeleri görkezilýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda energiýany öndürmekde, energetika desgalara hyzmat etmekde we olary rejeli ulanmakda, täze, iň ösen enjamlary we öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakda bar bolan meseleler ünsden düşürilmeýär. Täze, kämil enjamlaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy yzygiderli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine Mary DES-de Amerikanyň öňdebaryjy „Bentli Newada“ şereketiniň turbinanyň energobloklaryndaky silindrleriň, rotorlaryň sarsgynyny derňeýän we mehaniki ululyklaryny ölçeýän, ygtybarly awtomatiki, matematiki ülňüli, panel dolandyryşly, sensor ekranly ýokary hilli enjamynyň hem-de Germaniýanyň „Siemens“ kompaniýasynyň turbinanyň işleýşine gözegçilik edýän enjamynyň ornaşdyrylandygy şaýatlyk edýär. Önümçiligiň şeýle enjamlar bilen üpjün edilmegi we talyplaryň olaryň işleýşi bilen tejribede tanyşmagy hünär taýýarlygynda nazary bilimleri berkitmäge, amaly taýdan ulanmak ukyp-başarnyklaryny ele almaga mümkinçilik berýär.

EDEBIÝAT

1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi. – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017.

2. Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy: Aşgabat – 2013.

3. Ермолов И. Н. «Теория и практика ультразвукового контроля». М.: Машиностроение, 2001.

4. Неразрушающий контроль: Справочник: Под общ. Ред. В.В. Клюева. – М.: Машиностроение, 2004.



Çeşme: "Bilim" žurnaly, №1, 2020ý.

A.Agajanow

Mehanika we metallaryň tehnologiýasy kafedrasynyň uly mugallymy.

Ý.Ýakubow

Mehanika we metallaryň tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy.