ELEKTRIK ENERGIÝASYNY ÖNDÜRMEGIŇ DÖWREBAP DESGALARY

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňden görüjilikli daşary hem içeri syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzyň sebitinde energiýa serişdelerini eksport edýän ýurtlaryň arasynda mynasyp orny bardyr. Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sanawynda elektrik energiýasy öňdäki ýerleriniň birini eýeleýär. Türkmenistanda öndürilen elektrik energiýasy goňşy döwletlere yzygiderli ýetirilip durulýar.

Ýurdumyzyň elektrik energiýasyny öndürýän desgalarynyň arasynda häzirki wagtda ýylylyk elektrik öndüriji desgalar has giň ýaýrandyr. Bu desgalarda organiki ýangyç ulanyp, olaryň ýanmagyndan emele gelen energiýa elektrik energiýasyny öndürmekde peýdalanylýar. Şeýle desgalaryň elektrik energiýasyny öndürmekdäki tutýan orny bütin-dünýä möçberinde alnanda 75% ýakyndyr. Häzirki zaman ýylylyk elektrik stansiýasynda (beketlerinde) energiýa öndürmek üçin ulanylýan güýç ulanyjy desgalarda tygşytlylygyň we ekologiýanyň täsirine ýokary talaplar bildirilýär. Olara: galmagallygyny, işe girizilme wagtynyň dowamlylygyny, tutýan ýerlerine (göwrümine) bildirilýän talaplary degişli edip bolar. Şonuň bilen baglylykda, elektrik stansiýalarynda energiýa öndürmek üçin ulanylýan güýç desgalaryny saýlap almaklyga aýratyn üns berilýär.

Takmynan, XX asyryň 50-nji ýyllaryndan bäri, ýylylyk elektrik stansiýasynda elektrik öndirijisini herekete getirmek üçin, esasan J.Braýtonyň aýlawy (sikli) boýunça işleýän gaz turbinalar ulanylmaga başlady. Bu turbinalar aglaba ýagdaýda gaz bilen işlemäge niýetlenendigi üçin, biziň ýurdumyzyň şertlerinde ulanylmagy ykdysady taýdan has peýdalydyr.

Gaz turbina desgalaryny ulanmagynyň berýän artykmaçlyklary barada şulary bellemek bolar:

1. Şeýle desgalar gurluşy boýunça has ýönekeýdir, çünki onda bug öndüriji gazan, çylşyrymly bug geçirijiler, kondensator, bug bilen işleýän desgalara mahsus bolan köp sanly kömekçi mehanizmler ýokdyr. Şol sebäpli hem,şeýle desgany öndürmek üçin sarp edilýän metal köp däldir,diýmek onuň agramy we göwrümi bug bilen işleýän desganyňky bilen deňeşlendirilende has ýeňildir;

2. Şeýle desga mehanizmleri sowatmak üçin ulanylýan suwuň mukdaryny bug desgasynda ulanylýan suwdan has az sarp edýär;

3. Gazan turbina desgalarynyň häsiýetli aýratynlyklarynyň ýene biri, ony işe girizmegiň az wagt talap etýändigidir. Kuwwatly desgany sowuk halatyndan ýüklenmäni kabul etmäge ukyply ýagdaýyna getirmek üçin 15-18 minut ýeterlikdir, buguň güýjüni ulanýan desgany iş ýagdaýyna getirmek üçin bolsa, birnäçe sagat gerek bolýar.

4. Biziň ýurdumyzda elektrik energiýasyny öndürmekde gaz turbina desgalaryny ulanmagyň ýene-de bir artykmaç tarapy - teby gazyň gorlarynyň elýeterligidir. J.Braýtonyň aýlawyna esaslanýan gaz turbina desgalarynyň ulanylmaga başlanyna 70 ýyla golaý wagt geçen hem bolsa, ösen tehnologiýalar asyry olaryň has kämilleşen görnüşleriniň emele gelmegine getirdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda elektrik energiýasyny öndürmek üçin, dünýäniň öňdebaryjy döwletlerinde ösen tehnologiýalardan peýdalanyp öndürilýän desgalar ulanylýar. Şol sebäpli hem, ýaş hünärmenler taýýarlanylanda, bu desgalarynyň gurluşy, işleýiş ýörelgeleri (prinsipleri), beýleki desgalardan artykmaçlygy has içgin öwredilýär. Biz şu makalamyzda elektrik energiýasyny öndürmekde gaz turbina desgalarynyň aýratynlygy barada gürrüň etmegi makul bildik. Makalanyň mazmuny bu ugurdan taýýarlanýan talyplarda, energetika ugrundan hünärmenlere-de peýdaly bolar diýip umyt edýäris.

Gaz turbina desgasy ýanyş kameradan, gysyjydan (kompressordan) we turbinadan ybarat bolup,bular gaz turbina desgasynyň esasy bölegini düzýär. Gaz turbina desgasynyň esasy böleginden başga-da,kömekçi bölekleri bolup,olara ýangyç üpjünçilik ulgamy,ýakylan ýangyç galyndylaryny daşky gurşawa çykaryjy ulgam we tizleşdirmek (awtomatlaşdyrmak) arkaly ulgam degişlidir. Gaz turbina desgasynyň ýanyş kamerasy yangyç düzümi ýokarky, howa bolsa aşaky bölekden berlip işledilýär. Gaz turbina desgasynda öndürijiligiň ýokarlanmagy we ykdysady netijäniň gazanylmagy üçin, başlangyçlaýyn gysylma we ondan soňra, aralykdaky howa sowadyjylarda howany sowatmak hadysasy amala aşyrylýar.

Gaz turbina desgalarynda, köplenç, iki basgançakly gysylma, kä ýagdaýda üç basgançakly gysylma göz öňünde tutulýar. Basgançaklaýyn gysylma hadysasynyň ulanylmagy, ony hemişelik temperatura golaýlaşdyrmak bilen, sarp edilýän işi azaltmakdan ugur alýar. Aşakda görkezilen çyzgyda, gaz turbina desgasynda basgançaklaýyn gysylma we aralykda howa bilen sowadylyşyň gurluşy görkezilendir.

Çyzgyda K-1 bilen pes basyşly gysyjy, K-2 bilen ýokary basyşly gysyjy belgilenendir. K-1 pes basyşly gysyjynyň kömegi bilen, daşky gurşawdan howanyň gerek bolan mukdary sorulyp alnyp, niýetlenilen basyşa çenli gysylyp, howanyň temperaturasy göz öňünde tutulan temperatura çenli ýetirilýär we K-1 bellenen çäge çenli sowadylýar. Şeýlelikde, howa K-2 bilen belgilenen ýokary basyşly gysyja berlip, onuň basyşy we temperaturasy şol çäge çenli ýetirilýär. Mundan soňra, howanyň bir bölegi T-turbina, beýleki bölegi ÝK-bilen belgilenen ýanyş kamera berilýän howanyň mukdary ýylylyk çalşyjy enjamyň (apparatyň) üstünden geçirilip, ÝK- ýanyş kamera berilýär. ÝK-ýanyş kamera berilýän howanyň mukdary bir kub metr tebigy gaza, ýagny ÝK-ýanyş kamerany ýakmak üçin gerek bolan howanyň mukdaryna deňdir. ÝK-ýanyş kamerada garyşyk gaz, has takygy howa bilen tebigy gazyň garyndysy ýakylýar, Garyşyk gaz ýakylandan soňra, bölünip çykýan tüsse, K-2 ýokary basyşly gysyjylardan gaýdýan howanyň beýleki bölegi bilen garyşyp, T-turbinanyň pilçesine urulýar. T-turbinanyň pilçeleri garyşyk gazyň döredýän basyşynyň täsir etmeginde herekete gelip, turbina bilen bir okda ýerleşen G-generatorda elektrik energiýasy öndürilýär. Turbinadan gaýdan tüsseli gazlar bolsa, ýylylyk çalşyjy enjamda özüniň ýylylygyny ÝK-ýanyş kamera berilýän howany gyzdyrmaga harçlaýar. Netijede, şol gazyň özi bilen alyp gidýän ýylylygynyň bir bölegi peýdaly ulanylýar. Bu bolsa, daşky gurşawa çykarylýan tüssäniň temperaturasynyň peselmeginiň netijesinde, onuň göwrüminiň we basyşynyň peselmegine, mukdarynyň azalmagyna getirýär. Netijede, gaz turbina desgasynyň öndürijiligi ýokarlanýar.

Ýokarda aýdylanlar gaz turbina desgasynyň energiýany öndürmekdäki ornuny we onuň gysyjy bilen baglanyşykly amala aşyrýan hadysasyny açyp görkezýär.

Gaz turbina desgalary diňe bir energetika pudagynda elektrik energiýasyny öndürmekde giňden ulanylman, eýsem, ýurdumyzyň nebit-gaz pudagynda hem giňden peýdalanylýar.

Nebit–gaz pudagyna degişli magistral gaz geçiriji ulgamlarda her 50-100 km aralykda gaz gysyjy merkezler gurulýar. Şol gysyjy merkezleri turbageçirijilerden akdyrylýan gazyň basyşynyň kadaly saklanmagyny üpjün edýär. Gysyjylar öz–özünden energiýa öndürmän, daşdan berilýän energiýany mehaniki energiýa geçirmek arkaly gaz görnüşli düzümi gysyp, gaz turbina desgalarynyň işlemegini üpjün edýär. Bu aýdylanlar gaz turbina desgasy bilen gaz gysyjy merkeziniň işleriniň takyk derejede amala aşyrmagynyň biri–biri bilen doly derejede baglydygyny aňladýar.

Mähriban Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde gurlup, ulanmaga berilýän önümçilik maksatly desgalarda zähmet çekýän hünärmenleriň degişli ugurdan yokary bilim almaklary üçin şertler döredilýär. Ýurdumyzyň degişli ugurdaky inžener hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň okuw sapaklarynyň sanly bilim ulgamynyň ulanylmagy bilen gurnalmagy, olaryň bilim binýatlarynyň berkemegine, dünýagaraýyşlarynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Her bir ugurdaky amala aşyrýan işlerinde halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny, ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösen döwlete öwrülmegini maksat edinýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.



Çeşme: "Bilim" žurnaly, №6, 2019ý.

S.Nazarow

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň rektory.

Ş.Allakulyýew

"Elektrik stansiýalary" kafedrasynyň müdiri.

I.Aşyrow

"Elektrik stansiýalary" kafedrasynyň mugallymy.