Ýakynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň bezegi bolup oturan Olimpiýa şäherjiginiň Başa-baş we söweş tutluşyklary arenasynda sportuň Sambo we söweş sambo görnüşlerinden Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda açyk çempionat geçirildi.Bu ýaryşa TDEI-de okaýan talyp ýaşlarymyzdan hem birnäçe türgen gatnaşyp uly üstündiklere mynasyp boldylar.Olardan söweş sambo boýunça 68 kg agramda 1 nji ýere mynasyp bolan EA-4 toparynyň talyby Pirkulyýew Şöhrat, Geldiýew Gylyçmyrat sambo boýunça 57 kg agram derejede 3-nji orna mynasyp boldular.Ussatlarça çykyş edip baýrakly orunlara eýe bolan türgenlere Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary gowşuryldy.