GAZ TURBINA DESGALARYNYŇ ENERGETIKI NETIJELILIGINI ÝOKARLANDYRMAGYŇ ÝOLLARY

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, häzirki döwürde ähli ulgamlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň energetika pudagynynda hem uly ösüşler gazanylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda energiýa serişdeleriniň tygşytly ulanylmagy we halkymyzyň elektrik energiýasy bilen doly üpjün edilmegi ugrunda edýän aladalary netijesinde, kämil we täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan elektrik beketleri (stansiýalary) gurlup, ulanmaga berilýär hem-de öňden hereket edýän elektrik beketleriniň (stansiýalarynyň) durky täzelenýär, bu ulgam döwrebap enjamlaşdyrylan.Döwlet Baştutanymyz:”Energetika senagatynda pudaklaýyn taslamary durmuşa geçirmekde iň täze tehnologiýalary, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary ulanmak ýurdumyzyň energetika pudagynyň işgärleriniň esasy wezipeleriň biridir” diýmek bilen, bu ulgamda zähmet çekýän hünarmenleriň öňünde täze wezipeleri goýýar.Şeýle hem,”Energiýany tygşytlamagyň 2018-2024 ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň’’kabul edilegi,ýurdymyzda öndürülýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak, bu ugurda innowasion tehnologiýalary esasynda täze mümkinçiliker döretmek boýunça uzak möhletleýin döwlet ähmiýetli taslamalaryňdurmyşa geçirlmeginiň resminamalaýyn esasyny anyk kesgitledi.

Bu Döwlet maksatnamasynyň esasy maksatlary:

- Türkmenistanyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek üçin, energetika pudagynyň we tebigy energiýa serişdeleriniň ýokary derejede netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmekden;

- Türkmenistanyň ýangyç gorlarynda energiýanyň gaýtadan dikeldiiýän we adaty bolmadyk çeşmeleriniň, ýangyjyň saýlanyp alynýan görnüşleriniň we ikilenji energetika serişdeleriniň paýyny artdyrmakdan;

- Energetika serişdeleriniň peýdalanylýan şertlerinde ilatyň saglygyna, ýaşaýyş-durmuşyna hem-de daşky gurşawa howpsuzlygy üpjün etmekden ybaratdyr.

Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipeleri:

- Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda matematiki modelirlemek usulýetini ulanmak arkaly energiýany tygşytlamagyň esasy ugurlary boýunça innowasion işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary döretmekden hem onaşdyrmakdan;

- Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ugrunda innowasion tehnologiyalary işlap tayyarlamakdan we ornaşdyrmakdan;

- Ýurduň önümçiliginde energiýa tygşytlaýjy enjamlaryň, abzallaryň we serişdeleriň häzirki zaman görnüşleriniň peýdalanylmagyny giňeltmekden, olary öz wagtynda ykdysadyýetiň pudaklaryna hem-de durmuş ornaşdyrmakdan;

- Energiýa serişdelerini netijeli peýdalanmakdan we energiýany tygşytlamagy giň gerimde ýaýbaňlandyrmakdan ybaratdyr.

“Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” çäklerinde sarp edijilerI elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, elektrik energetikasy pudagyna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, Marynyň Döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde kuwwatlylygy 1574 Mwt bolan, ýurdumyzda ilkinji utgaşykly dolanyşykda işleýän bug - gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurulup ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň elektrik enrgetikasy pudagynda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeleriň biridir.

Häzirki wagtda döwletimizde kuwwatlylygy 127,1 MWt bolan gaz turbina desgalarynyň jemi 14 sanysyhereket etýär.Ýurdumyzyň häzirki zaman tehnologiýaly täze energetika ulgamynda pudaklaýyn düzümleriň döredilmegi dowam etdirilýär.Şeýle şertlerde, täze pikirleri we çözgütleri döretýän, düýbünden täze tehnikalara we tehnologiýalara daýanýan ylmyňhas möhüm ugurlarynyň biri bolan energetika pudagynyň ähmiýeti has-da ýokorlanýar.Bu bolsa, geljekde gaz turbina desgalarynyň ýene-de birnäçesiniň gurulyp, halkymyzyň hyzmatyna berilmeginiň göz öňünde tutylmagyna getirýär.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň barha ösdürülýän energetika pudagyna yzygiderli üns berýär. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň energetikada, ýangyç senagaty önümçilikde we ony tygşytlamakda hem-de himiýa tehnologiýasynda bäleşige ukyply täze önümleri öndürmekde,elektrik energiýasyny öndürmegin we tygşytlamagyň täze tehnologiýalarynda uly Üstünliklerimiziň gazanylmagyny nygtaýar.Energetika ulgamynyň ösdürilmegi bilen gazanylýan netijekeri milli we umumyadamzat bähbitlerine gönükdirilendir.Bu bolsa energetika pudagynyň dürli ugurlarynda zähmet çekýan hünärmenleriň öňünde pudagy ösdürmegiň täze wezipelerini goýdy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdymyzda ylymyň ösdürilmeli esasy ugurlary anyk kesgitlenilendir.

Degişli kadalaşdyryjy resminamalar, ýörite döwlet maksatnamalary we Düzgünnama tassyklanandyr. Şonuň ýaly-da, ”Döwlet ylmy - tehniki syýasaty hakyndaky”Kanun kabul edilendir.Muňa laýyklykda,ýokary okuw mekdepleriň binýadynda alynyp barylýan ylymy – barlag işleri we olara talyplaryň çekiliş derejesi baradaky maglumatlar hem gyzyklydyr. Muňa mysal edip, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň tejribe otaglarynda ýerleşdirlen ýörite(Mark 6 E simulýator) enjamyň kömegi bilen gurulyp, ulanylmaga berilýän gaz turbinaly elektrik beketleriniň(stansiýalarynyň) işjeňligini ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleriniň düýpli öwrenilýändigini görkezmek bolar.Munda talyplarymyz tejribeli ýolbaşçylaryň (mugallymlaryň) gatnaşmagynda gaz turbina desgalarynda degişli işleri alyp barmagyň inçe syrlaryny (tejribe arkaly) öwrenýärler.

Gaz turbina desgalarynyň bökdençsiz, ygtybarly işlemegi üçin, howanyň mukdary we hili (arassalygy, temperaturasy, çyglylygy) örän möhüm şertleriň biridir. Şol maksat bilen olarda ulanylýan howa dolulygyna süzgüçden geçirilip, iýiji (erroziýa) jisimlerden doly arassalanmalydyr.

Kuwwatlylygy 127,1 MWt bolan gaz turbina desgalarynyň hersinde jemi 920 sany howa süzgüji bolup, olaryň 460 sanysy konus, 460 sanysy bolsa silindr şekillidir.Kadaly iş şertinde bu süzgüçler her 2 – 2,5 ýyldan çalşylyp durulmalydyr. Şol döwürden soň olar özleriniň süzüjilik ukybyny ýitirýärler. Howanyň düzüminde göze görünmeýän tozan bölejikleriniň baedygy sebäpli,ol süzgüçler birnäçe gezek arassalanylýar.Gaz turbina desgalarynyň kadaly işlemegi üçin daşky howanyň gerekli temperaturasy +15oС hasaplanýar. Howany ýuwmakda, arassalamakda we kondensirlemekde iň netijeli serişdeleriň biri-de suwdyr. Şol sebäpli ýurdumyzda hereket edýän gaz turbina desgalarynyň bökdençsiz işlemegi üçin ýörite gurluşy hödürlenilýär. Bu işde howa süzgüjine berilýän howany suwuň içinden geçirip, arassalap bermekligiň ygtybarly usulyny görkezme maksat edinilýär.

Häzirki hödürlenýän suw süzgüji aşakda beýan edilýän görnüşde bolmalydyr. Demir betonly suw howzuny gurmaly. Diýeli,onuň ölçegi 9х9х6 = 486 m3. Suwuň tutýan göwrümi 9х9х3,5 = 283,5 m3. Suw howzunyň 5 metri ýeriň aşagynda , 1 metri ýeriň üstünde ýerleşmelidir.

Häzirki hödürlenýän suw süzgüji aşakda beýan edilýän görnüşde bolmalydyr. Demir betonly suw howzuny gurmaly. Diýeli,onuň ölçegi 9х9х6 = 486 m3. Suwuň tutýan göwrümi 9х9х3,5 = 283,5 m3. Suw howzunyň 5 metri ýeriň aşagynda , 1 metri ýeriň üstünde ýerleşmelidir.

Howa süzüjileri (süzüji elementleri) dolulygyna suw howzunyň üstünden gelýän howa ýolyna birleşdirilmeli. Ol howa ýoly polatdan ýasalyp, ölçegi 6х6 = 36 m2 deňdir. Şeýle uly meýdandan howa pes tizlik bilen( hereket eder) akar. Ol bolsa, öz gezeginde, howanyň çyglanmagynyň pes bolmagyny üpjün eder.

Howa ýolunyň aşagyndan 2,5 metr beýiklikde, suw çüwdürimlerini oturdylmalydyr. Olar işledilende,bar bolan howanyň ähli mukdary ýuwulmalydyr. Çüwdürimleriň ýokarysynda, 60o ýapgytlykda howany guraklandyryjy, sinklenen polat listden öndürilen zalyuzlar (olar perde şekillidir) oturdylmalydyr. Ol perdeler ikinji suw çüwdürimi diýilip atlandyrylýar. Birnji suw çüwdürimi suw howzy bilen howa ýolunyň aralygynda, doly perimetr boýunça ýerleşdirilmelidir.Beýan edilen usulymyz 1-nji suratda görkezilýär.

Ýokarky suratda görkezilen suw süzgüjini ( san bilen belgilenilişi ýaly,) beýan edilýän görnüşinde göz öňüne getirmek bolar.1. Suw howzy. 2. Daşyndan howanyň alynýan ýoly. 3. Nasos. 4. Drenaž nasosy. 5-6. Suw syçyradyjy. 7. Howadaky çyglylygy tutujy. 8-9. Kömekçi gapak (zadwižka). 10. Howa ýoly. 11. Howanyň çyglylygyny barlanýan ýeri.

Suw süzgüjiniň ýokardaky ýaly usulda, anyk suratlandyrylmagy, onuň bilen talyplaryň işlemegini gazanmakda örän oňaýly usuldyr.Talyplar işledilýän enjamlaryň gurluşyna we hyzmatyna göz ýetirenlerinden soňra (olar bilen ýakyndan tanyşýarlar),olara enjam bilen işlemek ýeňildir.Talyplaryň-geljekki energetik hünärmenleriň howa süzgüçleri bilen işlemek baradaky ýeterlik nazary bilimleriniň bolmagy we tejribede amaly endikleriniň, başarnyklarynyň kemala getirilmegi öran uly ähmiýete eýedir.Teklip edilýän usul şeýle artykmaçlyklara eýedir.1.howanyň yuwulmak we arassalanmak derejesi ýokary bolar. 2.Ýurdymyzyň howa şertlerinde (maý-sentýabr aýlary) howany kondensirlemek mümkinçiligi dörär.3.Howanyň arassalygynyň hem-de kondensirlenip sowamagynyň hasabyna gaz turbina dessgalarynyň iş ygtybarlylygy ýokarlanar.


EDEBIÝATLAR

1. Gurbanguly Berdimuhamedow „Ösüşiň täze belentliklerine tarap“ Aşgabat ş, 2008-2009-2010ý.

2. Gurbanaguly Berdimuhamedow „Garaşsyzlyga guwanmak watany halky söýmek bagtdyr” Aşgabat ş. 2007ý.

3. Gurbanguly Berdimuhamedow „Türkmenistan sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýurdy“. Aşgabat ş. 2007ý.

4. A.G.Kostýuk, A.N.Şerstýuk ”Gazoturbinnyýe ustanowki” Moskwa 1989ý.

5. A.G.Kostýuk, W.W.Frolowa ”Parowyýe i gazowyýe turbiny” Moskwa 1985ý.


Çeşme: "Bilim" žurnaly, №4, 2019ý.

Muhammetaman Saryýew

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Senagat-Tehnologiýa” fakultetiniň dekany.

Şanazar Allakulyýew

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Elektrik stansiýalary” kafedrasynyň müdiri.