JEMGYÝETIŇ SYÝASY AŇYNYŇ KÄMILLEŞMEGINDE IDEOLOGIÝANYŇ ÄHMIÝETI

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda jemgyýetimizde amala aşyrylýan özgertmeleriň, ösüşleriň many-mazmunynyň jemgyýetiň, esasan hem ýaşlaryň syýasy aňynyň ösüşine ýetirýän täsirini, syýasy aňyň kämilleşmeginiň meselelerini ylmy tarapdan seljermek nazary we amaly ähmiýetli wajyplyga eýedir. Çünki jemgyýetçilik aňynyň düzüm birligi bolup durýan syýasy aň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetiň durmuşynda örän wajyp wezipäni ýerine ýetirýär. Ol ýurdumyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleri we täzelenişleri aňladýan, olaryň düýp mazmunyny açyp görkezýän ruhy güýçdür.

Syýasy aň her bir şahsyýetiň döwrebap kämilleşmeginiň we onuň ýurdumyzyň ösüşine öz mynasyp goşandyny goşmagynyň esasy ýörelgesi bolup durýar. Sebäbi, jemgyýetiň durmuşynda syýasat örän möhüm orny eýeleýär. Onuň orny has hem özgerýän, kämilleşýän jemgyýetde ýokarydyr. Jemgyýetiň syýasy keşbi köp derejede onuň syýasy aňynyň we syýasy medeniýetiniň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Şonuň ýaly-da jemgyýetiň durmuşynda syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklar biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Şeýlelikde, jemgyýetde ykdysadyýetiň hem, medeniýetiň hem syýasat bilen baglanyşygy ýüze çykýar. Syýasy aňy, onuň bilen aýrylmaz baglanyşykly syýasy ideologiýany ylmy taýdan seljermek ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleriň düýp mazmunyna giňişleýin we çuň akyl ýetirmäge oňaýly täsir edýär.

Taryhy tejribäniň görkezişi ýaly, sosial-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylýan şertlerinde ygtybarly ruhy binýat bolmasa, islenilýän netijeleri gazanmak mümkin däldir. Diýmek, milli maksatnamalary, öňe hereket etmegiň ýokary depginlerini üpjün etmek halkyň gujur-gaýratynyň bitewüleşmeginde, onuň zähmet hem-de sosial işjeňliginiň ýokarlanmagynda mümkindir. Ine şonuň üçin hem, Milli Liderimiz jemgyýeti ruhy taýdan ösdürmäge, halkyň dünýägaraýşyny terbiýelemäge, watançylyk kämilligini, ahlak we estetiki sypatlaryny kämilleşdirmäge, olaryň syýasy we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen işlere yzygiderli üns berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň we onuň esasynda utgaşdyrylyp taýýarlanan pudaklaýyn hem-de sebitleýin maksatnamalaryň mazmuny bilen tanşanyňda, şeýle-de bu maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin alnyp barylýan işleri synlanyňda olaryň raýatlaryň ruhubelentlik çeşmesi bolup durýandygyna aýdyň göz ýetirmek bolýar. Prezident Maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň mundan beýläk hem depginli ösüşini saklamaga, maýa goýum işjeňligini yzygiderli üpjün etmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, durmuş taýdan goraglylygy berkitmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Munuň özi, jemgyýetiň syýasy aňynyň kämilleşmeginde ideologiýanyň netijeliliginiň artmagyny hem üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan” halkara žurnalyna beren interwýusynda: “Biz döwleti, jemgyýeti we şahsyýeti sazlaşykly ösdürmegi, olaryň bähbitlerini türkmen halkynyň demokratik däpleri bilen utgaşdyrmagy, ýaşaýşymyzyň ähli gurluşyny kämilleşdirmegi özümize maksat edip goýýarys”[1,.283-284ss.] diýip, döwlet ideologiýasy babatda jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, ykdysadyýeti kem-kemden bazar gatnaşyklaryna geçirmek, durmuş çygrynda bolsa, halkyň maddy abadançylygyny ýokarlandyrmak wezipelerini öňde goýýar. Bu wezipeleriň amala aşyrylmagy bilen, hakyň ruhy dünýäsi yzygiderli kämilleşýär, adamlaryň syýasy aňy ösýär, olar milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlyklary bilen baýlaşýar, raýatlarda Watanyň ykbaly, onuň şu güni we geljegi baradaky jogapkärçilik duýgusy artýar.

Türkmenistanda amala aşyrylýan syýasy, ykdysady we medeni özgertmeleriň ählisi, şol sanda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we milli hukuk ulgamynyň kämilligi-de ýurdumyzda raýat jemgyýetini we hukuk döwletini berkarar etmäge gönükdirilendir. Şonuň ýaly-da, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletiniň maksatlary barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň Konstitusiýamyzda türkmen halkynyň özygtyýarlylygyny pugtalandyrmak, halk häkimiýetiniň we hukuk döwletiniň esaslaryny berkitmek, milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi yzygiderli goramak, raýat asudalygyny hem-de milli agzybirligi üpjün etmek döwlet gurluşynyň esasy maksatlary hökmünde beýan edilmegi aýratyn bellärlikdir [3, s.12 s.]

Ideologiýa, döwlet tarapyndan halkyň däp-dessurlaryna, dünýägaraýşyna, edebiýatyna we sungatyna, medeniýetine, döredijiligine, isleg - arzuwlaryna, milli bähbitlerine we gymmatlyklaryna, döwrüň talaplaryna esaslanýar. Ol ýurdy we halky hemme taraplaýyn ösdürmek maksady bilen döredilýän syýasy taglymatdyr.

Ideologiýanyň biziň häzirki türkmen jemgyýetimizdäki wezipesini seljereniňde, onuň ýurdumyzy mundan beýläk hem galkyndyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga gözükdiriji paýhas çeşmesi hökmünde çykyş edýändigine göz ýetirmek bolýar. Şu nukdaýnazardan syýasy aňyň kämilleşmeginde ideologiýanyň ähmiýeti uludyr. Ol raýatlyk we syýasy işjeňligi esaslandyrýar, maksatnamalary durmuşa geçirmekde adamlary ruhlandyrýar, syýasy maksatlary we olara ýetmegiň usullaryny esaslandyrmaga mümkinçilik döredýär hem-de syýasy ugurlaryň filosofiki-dünýägaraýyş esasyny döredýär. Şonuň bilen birlikde, ideologiýa arkaly halk köpçüliginiň isleg-arzuwlaryny, bähbitlerini ýüze çykarmaga, özleşdirmäge, seljermäge, olary nazary görnüşe getirmäge, syýasy maksatnamalarda beýan etmäge, raýatlaryň syýasy işjeňligini artdyrmaga, adamlaryň syýasy sosiallaşmagyna mümkinçilikler we ýollar açylýar.

Diýmek, hormatly Prezidentimiziň syýasy taglymaty, syýasy filosofiýasy, alyp barýan döwlet ideologiýasynyň many-mazmuny jemgyýetiň, esasan-da ýaşlaryň syýasy aňynyň kämilleşmeginiň ylmy esasy bolup, jemgyýetimizi hemme tarapdan ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň binýatlaýyn ýörelgelerini özünde jemleýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu ynsanperwer syýasy garaýyşlary onuň kitaplarynda giňişleýin beýan edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda türkmen jemgyýeti yzygiderli kämilleşýär, halkymyzyň syýasy aňy, medeniýeti milli miras gymmatlyklaryna esaslanmak bilen, döwrebap ösýär. Konstitusiýa we milli kanunçylyk ulgamy esasynda döwrebap jemgyýetiň binýatlaýyn gymmatlyklary türkmen jemgyýetinde öz mynasyp ornuny tutýar.

Jemgyýetiň syýasy aňy jemgyýetçilik aňynyň ähli formalarynyň özeni bolmak bilen, olaryň arasynda aýratyn, özboluşly orna eýedir. Onda jemgyýetçilik gurluşynyň we sosial tertip düzgünleriň ýüze çykmasy we formalary şöhlelenýär. Sosial toparlaryň, gatlaklaryň, jemgyýetiň durmuşynda ýüze çykýan bähbitleri beýan edilýär. Diýmek, syýasy aň sosial durmuşyň ähli çygyrlaryna manyly täsir edýär. Şonuň üçin hem, onuň jemgyýetçilik gatnaşyklarynda wagyz-nesihatyň, öwüt-ündewiň ähmiýeti has-da ýokarlanýar. Döwlet syýasatynda öňe sürülýän halk bähbitli maksatnamalaryň özgerdiji netijeleri jemgyýetçilik bilen döwletiň arasyndaky ysnyşykly hereketde, adamlaryň aňyýetiniň, esasanam syýasy aňyň ösüşinde aýdyň şöhlelenýär. Syýasy aňyýet ulgamy bolsa, döwrebap derejeli, özara sazlaşykly jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kemala getirmegiň ygtybarly serişdesidir.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän syýasy ideologiýa halkyň güýjüni, ukyp-başarnyklaryny belli bir maksada gönükdirmek, halkyň bitewüligini, jebisligini, agzybirligini gazanmak, döwletiň amal edýän çärelerini wagyz etmek, halkyň ahlak gymmatlyklaryny berkitmek, döwlet tarapyndan alnyp barylýan syýasaty durmuşa ornaşdyrmagyň serişdelerini saýlap almak ýaly wezipeleri ýerine ýetirýär. Ideologiýa wajyp gymmatlyklaryň ulgamyna esaslanýar. Gymmatlyklar nyşanlaryň, keşpleriň, ideýalaryň üsti bilen beýan edilýär. Olaryň kömegi bilen her bir aýratyn adam ideologiýalaşdyrylan dünýägaraýşy kabul etmek we özüňi alyp barmak başarnyklaryna eýe bolýar. Netijede, her bir raýat amal edilýän syýasy hereketleri, işleri bahalandyrmagy, olara işjeň gatnaşmagy öwrenýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly alyp barýan oňyn syýasaty, adamlaryň aň-düşünjesiniň we döredijilikli işjeňliginiň ýokarlanmagyna gönükdirilen ideologiýasy demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň mundan beýläk ösmegi, onuň syýasy-aňyýet esaslarynyň pugtalandyrylmagy, jemgyýetiň akyl we aň - bilim, esasan hem, syýasy aňynyň mümkinçilikleriniň açylmagy üçin örän möhümdir.

Döwlet ideologiýasy türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasynyň we häzirki zaman hakykatlarynyň, ýurduň durmuşynyň ähli ugurlaryndaky bolup geçýän ilerlemeleriň çuňňur öwrenilmegine hem-de olaryň döredijilikli düşünilmegine esaslanýar. Adamyň ahlak güýjüne bolan berk ynamyna, döredijilik ylhamyna, ruhy päkligine we adamkärçiligine, parahatçylyksöýüjilik, päkýüreklilik we öwüt-nesihatlaryna ýugrulan ideologiýa ylmylygy, watansöýüjiligi, demokratik ýörelgeleri, şahsyýetiň hukuklaryny we azatlyklaryny özünde jemleýär.

Hormatly Prezidentimiziň ideologik taglymatynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän “Döwlet adam üçindir” diýen baş şygary ilki bilen adamlaryň, raýatlaryň bähbitlerini, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, ýurdy adamlaryň bähbitlerine laýyklykda demokratiýalaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Ol ýörelge öz ömürlerini adam hukuklaryny öwrenmäge we goramaga bagyşlan akyldarlaryň pähim-paýhaslaryny, şeýle hem halkymyzyň ynsanperwerlik tejribelerini özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiz bu barada: „ ...Sebäbi “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarymyz ata-babalarymyzyň belent adamkärçilige ýugrulan asylly däplerini hem-de medeni mirasymyzyň baý çeşmelerini özünde jemleýär... “ [2, 3 s.] diýip, adamyň ýokary gymmatlygyna, adamyň hemme tarapdan ösdürilmegine aýratyn üns berýär.

Taryhy ähmiýetli konstitusion özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi döwrebap halkara kadalaryna laýyk gelýän hem-de adamyň erkinligini, kanuny hukuklaryny goraýyş ulgamynyň döredilmegini şertlendirdi. Ýurdumyzda yzygiderli durmuşa geçirilýän demokratiýalaşmagyň ýokary halkara ölçeglerini gazanmaga gönükdirilen hukuk özgertmeleriniň netijesinde, biziň durmuşymyza köp partiýalylyk, raýat jemgyýeti ýaly düşünjeler ykjam ornaşdy. Jemgyýetiň özi hem bütinleý özgerdi, halkymyzyň dünýägaraýşy has-da kämilleşdi. Konstitusiýa ýurduň esasy ideologik resminamasy bolmak bilen, kuwwatly ideologik mümkinçilige eýe bolup durýar hem-de anyk syýasy we hukuk pikirleri ýaýratmak we berkarar etmek arkaly jemgyýetiň ruhy durmuşyna oňaýly täsir edýär [ 4, 26 s. ]. Diýmek, Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň konstitusion esaslary halkyň milli aňyýeti bilen berk baglydyr.

Hormatly Prezidentimiz bu barada: Esasy Kanunyň syýasy ähmiýeti bolsa onuň döwlet häkimiýetini guramagyň ýörelgelerini, döwletiň we şahsyýetiň özara gatnaşygyny, umuman, jemgyýetiň syýasy ulgamynyň işlemegini konstitusion taýdan üpjün edýänliginden ybaratdyr. Konstitusiýanyň ideologiki wezipesi bolsa syýasy we hukuk taýdan kesgitlenen ideýalary, garaýyşlary we gymmatlyklary tassyklamak we ýaýratmak arkaly halkymyzyň ruhy durmuşyna täsir etmekden ybaratdyr.” [1,153s.] diýmek bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň döwletiň ideologiýasynyň hukuk esasyny emele getirýändigini belleýär.

Ideologiýa halkyň bähbitlerini goramaga, öňde goýlan beýik maksatlara ýetmek üçin ählihalk güýjüni birikdirmäge gönükdirilen ruhy güýçdir. Ol jemgyýet bilen döwletiň arasyndaky ysnyşykly hereketi gazanmagyň, syýasy aňy kämilleşdirmegiň ygtybarly serişdesidir.


EDEBIÝATLAR

1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan eserler, 2-nji tom.- Aşgabat: TDNG,2009.

2. Gurbanguly Berdimuhamedow. Bitarap Türkmenistan.Aşgabat: TDNG,2015.

3. Türkmenistanyň Konstitusiýa hukugy–A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2012.

4. Demokratiýa we hukuk. № 4,2015.


Çeşme: "Türkmen ylym we tehnika" žurnaly, №4, 2019ý.

Ata Orazmämmedow

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy.