AÇYK GAPYLAR GÜNI

2021-nji ýylyň aprel aýynyň 24-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda dabaraly ýagdaýda Açyk gapylar güni geçirildi. Institut bilen tanyşdyrylyş çäresine Mary welaýatynyň çägindäki orta mekdepleriň 11-nji synp okuwçylary gatnaşdylar. Gatnaşyjylar ýokary okuw mekdebiniň okuw we tejribe binalary, okadylýan ugurlar we hünärler, alnyp barylýan okuw we ylmy işleri hem-de ornaşdyrylan sanly tehnologiýalar bilen tanyşdylar.