2020/2021-NJI OKUW ÝYLYNYŇ IKINJI ÝARYMYNYŇ ILKINJI OKUW SAPAGY BAŞLANDY

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 2020/2021-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň başlanmagy mynasybetli “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen at bilen ilkinji okuw sapagy guramaçylykly geçirildi. Ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary okamaga we zähmet çekmäge döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtýarlar.