Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan dünýä dillerini öwrenmek işi özüniň iň naýbaşy taraplaryny ýüze çykarýar. Çünki dil jemgyýetiň ösüşi, halkyň medeniýeti, ruhy dünýäsi bilen aýrylmaz bagly bolup, islendik bir halkyň dilini öwrenmek, onuň medeniýetini, ruhy dünýäsini öwrenmek diýmekdir. Häzirki wagtda “dil we medeniýet” meselesi ylmy barlaglaryň üns merkezinde bolup, dil hakyndaky ylmyň ösmeginde esasy ugurlaryň biri hökmünde çykyş edýär.
Lingwokulturologiýa (lingwistik medeniýeti öwreniş ylmy) – bu diliň we medeniýetiň özara baglanyşygyny öwrenýän ylymdyr. Diliň we medeniýetiň özara gatnaşygy bolsa halkyň aňyýetinde öz beýanyny tapýar. Lingwokulturologiýanyň bölümleriniň her biri lingwistikanyň hem-de medeniýeti öwrenişiň sepgidinde durýar [3, 98 s.]. Lingwokulturologiýanyň nukdaýnazaryndan, bitewi bir äleme her millet öz “ruhy aýnasyndan” nazar edýär we şol aýnada şöhlelenýän hakykatlary, barlyklary öz dilinde beýan edýär. Çünki dil öz birliklerinde, ylaýta-da durnukly söz düzümlerinde, halkyň asyrlaryň dowamynda gazanan tejribesini, aň-düşünjesini şöhlelendirýär.
Lingwistik medeniýeti öwreniş ylmynyň iň möhüm düzüji bölekleriniň biri-de “konsept” diýen dil birligidir. Häzirki zaman dil biliminde “konsept”, “düşünje”, “many” ýaly adalgalara kähalat bir-biriniň ekwiwalenti hökmünde garalýar. Konsept diýen adalga kesgitleme bermek babatynda dil bilimini öwrenýän alymlar dürli-dürli garaýyşlary öňe sürýärler. Şol sebäpli hem, häzirki wagtda bu adalganyň örän köp kesgitlemeleri bar. Konsept adalgasynyň kesgitlemeleriniň içinde iň ygtybarlysy semantik sözlükde berilýän düşündiriş bolup, onda konsept dildäki belgileriň ulgamynyň mazmun we many tarapyny özünde jemleýän we binýadynda adamzadyň maddy we ruhy barlygyna degişli düşünje bolan dil birligi hökmünde kesgitlenilýär. Käbir ylmy işlerde şeýle düşündiriş berilýär: “Konsept – bu abstrak düşünje bolup, adamlaryň maglumaty kabul ediş aýratynlyklarynyň netijesinde emele gelen hakydasy we garaýyşlarynyň ulgamydyr”.
Köp edebiýatlarda “konsept” we “düşünje” sözlerini manydaş söz hökmünde ulansalar-da, lingwokulturologiýanyň nukdaýnazaryndan bu iki sözüň arasynda kesgitli tapawut bar. “Konsept” adalgasynyň “düşünje” diýen sözden düýpgöter tapawut edýändigini mysallaryň üsti bilen aýdyňlaşdyralyň. Düşünje – bu milli hakyda garaşly bolman dilde ýaşaýan manydyr. Meselem, “bedew” diýen söz köp halklaryň dilinde “Münmek, çapmak üçin ýa-da iş maly hökmünde ulanylýan ýeke toýnakly öý haýwany” diýen manyny berýär [5, 85 s.]. Emma, aýdaly, türkmen halkynyň milli mentalitetinde (garaýyşlar ulgamynda) we hakydasynda bedew ýyndamlygyň, wepalylygyň nusgasy bolup çykyş edýär. Bu bolsa “bedew” konseptiniň milli mentalitete garaşlydygynyň, adamzat gymmatlylygynyň maýasy we milli aňyň miwesidiginiň aýdyň subutnamasydyr. Diýmek, konsept diliň mental birligi hökmünde halkyň dilini, aňyýetini, medeniýetini töwerekleýin öwrenmeklige gönükdirilendir.
Dil biliminde “söz” bilen “konseptiň” aratawudyny hem kesgitleýärler. “Söz” sözleýiş diliniň gurşawynda öz beýanyny tapýan bolsa, “konsept” medeniýetiň gurşawynda ýüze çykýar. Konsept durnukly söz düzümleriniň, nakyllaryň, idiomalaryň, aňlatmalaryň esasynda öwrenilýändir.
Konseptiň öwrenilmegi dil bilimindäki aňyýet bilen diliň gatnaşmagynda dörän “dünýäniň keşbi” (картина мира) diýen düşünje bilen aýrylmaz baglydyr. Çünki “dünýäniň hakydada şekillenýän suraty” her şahsyýetiň aňynda we hakydasynda ýer alyp, milli mentalitetiň (garaýyşlar ulgamynyň) aýnasynda obýektiw hakykatlary şöhlelendirýär.
Dünýäniň dilde şekillenýän keşbi (языковая картина мира) – bu her milletiň adaty aňynda emele gelen we dilde şöhlelenen hem-de beýanyny tapan dünýä baradaky düşünjeleriniň jemidir, şeýle hem dünýäni kabul edişiň kesgitli ýoludyr. Her bir millet dünýä barada özboluşly garaýyşlara eýedigi üçin, “dünýäniň dilde şekillenýän keşbi” hem her millete görä tapawut edýär.
Lingwokulturologiýany öwreniji alymlaryň nukdaýnazaryndan konseptiň merkezinde “gymmatlyk” diýen düşünje durýar. Çünki konsept medeniýeti öwrenmeklige hyzmat edýän birlik bolsa, onda medeniýetiň binýadyny-da “gymmatlyk ýörelgeleri” düzýändir.
Söz konseptiň dilde beýanyny tapmagyna hyzmat edýän dil birligidir. Söz hem öz gezeginde konsepti atlandyrýan diliň nyşanlarynyň (belgileriniň) biri hökmünde çykyş edip, konseptiň manysyny doly beýan edýändir. Ýöne kähalat bir konsepti beýan etmek üçin diňe ýekeje leksema ýeterlik bolman, eýsem, sinonimler, durnukly söz düzümleri ýaly diliň dürli serişdeleri hem ulanylýar we bularyň ählisi bilelikde şol konseptiň lingwokulturologik meýdanyny emele getirýärler.
Lingwokulturologik meýdan – bu bir umumy manynyň daşynda bitewileşýän dil birlikleriniň, leksemalaryň jeminden ybarat bolup, onda öwrenilýän konseptiň mazmunyny özünde jemleýän we halkyň hakydasynda ýer alan ruhy, maddy we medeni gymmatlyklar bütin aýdyňlygy bilen şöhlelenýändir.
Meselem, türkmen dilinde “göwün” diýen konsepti alyp göreliň. Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde “göwün” konseptine şeýle düşündiriş berilýär: “Göwün – adamyň içki ruhy dünýäsi; içki duýgy; ýürek, köňül”. Lingwokulturologiýanyň nukdaýnazaryndan, bu konsept türkmen dilinde dürli metaforalaryň, söz düzümleriniň kömegi bilen adamyň içki dünýäsini suratlandyrýar. Meselem, göwün göterilip bilýär, çöküp bilýär, galyp bilýär; göwni açyp bolýar, aldap bolýar, bölüp bolýar, awlap bolýar, ýykyp bolýar, ýüwürdip bolýar; göwne garalyk getirip bolýar, göwne geňeşip bolýar, göwne degip bolýar we ş.m.
Göwün = ynsanyň içki “meni”, duýgulary
Durnukly söz düzümleri | Aňladýan manylary |
---|---|
göwnüň göterilmek | şähdiň açylmak, ruhlanmak |
göwnüňi aldamak | özüňi hoşal etmek, ynandyrmak, bir işiň boljagyna umyt etmek |
göwnüni awlamak | biriniň göwnüni hoş etmek |
göwnüni ýykmak | halanmajak söz ýa-da hereket bilen birini gaty gynandyrmak |
göwnüňe geňeşmek | bir işe başlamazdan öň pikir etmek,oýlanyp görmek, öz-özüňe sala salmak |
göwün ýüwürtmek | köp zatlary hyýal etmek, arzuw etmek |
göwün bermek | halamak, sulhuň almak |
göwne almak | aýdylan söz ýa-da edilýän hereket zerarly gagty görmek (öýke duýgysyny beýan edýär) |
göwni bitmek | birinden razy bolmak, hoşallyk duýgysyny beýan edýär |
göwün etmek | tama eden zadyň amala aşmandygy zerarly kine etmek |(kine duýgysy) |
göwnüne garalyk gitmek | bir zada müňkür, betgüman bolmak, şübhelenmek |
Türkmen dilinde “göwün” konseptiniň “köňül, kalp, ýürek, ruh, içki dünýä, jan” ýaly manydaş leksemalary bar. |Bular hem adamyň içki dünýäsini, duýgularyny beýan etmekde işjeň gatnaşýarlar. Meselem: ýüregiňi eliňe almak – howlukmak, gyssanmak, alňasamak; ýüregiň ýarylmak – gaty gorkmak; ýürek awamak – gaty gynanmak, nebsiň agyrmak; ýüregiň etmezlik – dözmezlik, dözmezçilik etmek; ýürek çişmek – gaharyň gelmek; ýürek daglamak – gynandyrmak; ýürek etden – adamyň dözmezlik; rehimi inmek ýaly duýgulary oýananda aýdylýan aňlatma; jana batmazlyk – göwne ýaramazlyk; jan aýamazlyk – yhlasly zähmet çekmek; jan emgemezlik – özüňi gynaman, äwmän işlemeklik; jany jana gatmak – bir-biriňe ýürekden wepaly bolmak; ruhdan düşmek – göwniçökgün ýagdaýa düşmek; ruhuny götermek – göwnüni galkyndyrmak we ş.m.
Ýene-de bir belläp geçilmeli zat, “göwün” konseptiniň lingwokulturologik meýdanynda ýer alan “kalp” sözi türkmen diline arap dilinden geçen sözdür. Arap dilinde “kalp” sözüniň üç harpdan ( ب-ل-ق) ybarat bu köki dürli manydaky sözleri ýasamaklygyň galyby hökmünde çykyş edip, esasan hem, “içini daşyna öwürmek, bir haldan başga hala geçmek, öwrülmek, dönmek, özgermek” ýaly manylary aňladýan sözleri ýasamaga hyzmat edýär. Şu nukdaýnazardan seretsek, “kalp, göwün, köňül” sözlerini içine alýan durnukly söz düzümleri-de adamyň dürli hallara girip bilýän ruhy dünýäsini suratlandyrmaklykda işjeň gatnaşmagynyň düýp sebäplerini-de ýüze çykaryp bilýäris. Has takygy, türkmen halkynyň hakydasynda ýer alan bu “göwün” konsepti we onuň lingwokulturologik meýdanyny düzýän “köňül, kalp, ruh, jan” leksemalar ynsanyň dürli duýgularynyň (gynanjyň, söýgüniň, yşgyň, rehim-şepagatyň) jemlenýän ýerini we “mesgenini” aňladýan dil birlikleri bolup, durnukly söz düzümlerinde öz beýanyny tapypdyr.
Rus halkynyň hakydasynda ýer alan “göwün” (душа) konseptini alyp göreliň. Rus diliniň düşündirişli sözlüginde bu söze şeýle düşündiriş berilýär: “Bнyтpeнний, пcиxичecкий миp чeлoвeкa, eгo coзнaниe”. Görşümiz ýaly, türkmen we rus dilleriniň düşündirişli sözlüklerinde bu sözleriň aňladýan manysy meňzeş gelýär.
Lingwokulturologiýanyň nukdaýnazaryndan bu konsept rus dilinde şol dile mahsus dürli metaforalaryň, söz düzümleriniň kömegi bilen adamyň içki dünýäsini suratlandyrýar. Meselem:
Durnukly söz düzümleri | Aňladýan manylary |
---|---|
вложить душу во что-либо | bir zada ýüregiňi bermek |
работать с душой | göwün berip işlemek, ýürek bilen işlemek |
души не чаять | tüýs ýürekden söýmek |
душа нараспашку | açykgöwünli, ýüregi açyk adam |
кривить душой | ikiýüzlülik etmek |
излить душу | içiňi dökmek |
поговорить по душам | göwün açyşmak, açyk gürleşmek |
жить душа в душу | agzybir ýaşamak |
отвести душу | göwnüňe jaý etmek, içiňi sowatmak |
влезть (залезть) в душу кому-либо | kimdir biriniň ynamyna girmek, içki dünýäsine aralaşmak |
с дорогой душой | höwes bilen |
душа-человек | gyzyl ýaly adam |
душа не лежит | göwün suw içmezlik |
душа в пятки ушла | gorkdum, ýüregim ýaryldy |
заячья душа | towşan ýürek, gorkak |
на душе кошки скребут | içimi it ýyrtýar |
за душу берет | diýseň tolgundyrýar, ýüregi aşa tolgundyrýar |
Görşümiz ýaly, iki dilde-de “göwün” konsepti dürli metaforalaryň, durnukly söz düzümleriniň kömegi bilen adamyň içki dünýäsini suratlandyrýar. Şeýle hem, düzüminde “göwün” konsepti bar bolan durnukly söz düzümlerine hem türkmen, hem rus dillerinde gabat gelip bolýar, emma bu durnukly söz düzümleri rus dilinden türkmen diline terjime edilende, rus dilindäki “душа’ sözi köplenç “göwün” sözi bilen terjime edilse, kähalat şol sözüň manydaş leksemalary bilen (ýürek, içki dünýä, köňül) çalşyrylýar.
“Göwün” konsepti we onuň lingwokulturologik meýdanyndaky “ýürek, jan, kalp, ruh” leksemalary halkyň hakydasynda ynsanyň “ekiz taýy” hökmünde-de şekillenýär. Muňa mysal hökmünde türkmen dilinde göwnüňe sala salmak, jany çykmak, göwnüňe ýakmak ýaly durnukly söz düzümlerini getirmek bolar. Rus dilinde как душе угодно, отпустить душу, души не слышать, загубить душу ýaly durnukly söz düzümleri mysal bolup biler.
Kähalat “göwün” konseptiniň lingwokulturologik meýdany has hem ýaýbaňlanýar we halkyň hakydasynda “göwün” bir “jam, desga, syrlaryň mekany, mukaddes ýer” hökmünde beýanyny tapýar. Meselem, “kalbyň jümmüşi”, “kalbynyň töri”, “göwni umman ýaly giň” diýen metaforalarda we “ýürege sygmazlyk”, “ýürek götermezlik” ýaly durnukly söz düzümlerinde bir gap, bir jam, bir giňişlik şeklinde, “ýürek syry” diýen metaforada we “Göwün syryny göz bildir” diýen atalar sözünde syrlaryň mesgeni hökmünde çykyş edýär. Çeper suratlandyrmada köp duş gelýän “köňül tagty” diýen metafora bolsa halkymyzyň hakydasynda köňül “tagt” şeklinde janlanýandygyny görkezýär. Halkyň içinde ulanylýan “Bir göwni ýykmak – Käbäni ýykmak” diýen nakylda bolsa “göwün” türkmen halkynyň hakydasynda iň mukaddes hasaplanylýan Käbä deňelýär. Ýene-de “Galsa göwün tapylmaz, çyksa – jan” ýaly jümlede halkymyz göwni ýokary gymmatlyk, tapylmajak hazyna hökmünde kesgitläp, birek-biregi sylamak ýaly ahlaky ölçegleri hem şöhlelendirýär.
Düzüminde “göwün” leksemasy bolan “Göwün – kazy, göz – terezi”, “Göwün sygsa, göwre sygar”, “Göwün göwünden suw içer, gamyş - bogundan”, “Göwün – çüýşe, göz – aýna”, “Göwnünde kiri baryň, içinde syry bar”, “Göwün kiri aýdylsa gider, geýim kiri – ýuwulsa”, “Göwün şatlygy – ömür zyýatlygy”, “Göz – gorkak, göwün – batyr” ýaly nakyllar bilen “göwün” konseptiniň lingwokulturologik meýdanyny has hem ýaýbaňlandyryp bolar.
Jemläp aýtsak, lingwistik medeniýeti öwreniş ylmy boýunça alnyp barylýan ylmy derňewler halkyň hakydasynda ýer alan gymmatlyklary öwrenip, milletiň ruhy dünýäsine aralaşyp, şol diliň özboluşlylygyny ýüze çykarmaga ýol açýar. Şol bir wagtda-da, dürli sözlükleriň taýýarlanylyşynda-da ygtybarly çeşme bolup hyzmat edýär.
1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. T.7. Aşgabat, 2014.
2. Gurbanguly Berdimuhamedow. Täze eýýamyň beýik özertmeleri. – Aşgabat: TDNG, 2010.
3. Bekjäýew T. Umumy dil bilimi. Ýokary okuw mekdepleri üçin synag okuw kitaby. – A. : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010.
4. Арапова Г.У. Концепт, понятие и значение слова // Международный журнал прикладных и фундаментальных исследований. – 2016. – № 1-4. – 591-593 с.
5. Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. Iki tomluk. I tom. A-Ž – A:. Ylym, 2016 ý. – 658 s.
Çeşme: "Türkmenistanda ylym we tehnika" žurnaly, №6, 2020ý.