“ÝAŞYL YKDYSADYÝETIŇ” KEMALA GELMEGINDE ELEKTRIK ENERGETIKASY PUDAGYNYŇ ÄHMIÝETI

Dünýä ykdysadyýetinde senagat önümçiligiň ösüşi, adamzadyň hojalyk işiniň işjeňleşmegi, tebigy serişdeleriň işjeň peýdalanylmagy atmosferanyň, suwuň, topragyň, biologiki köpdürliligiň, daşky gurşawyň beýleki düzümleriniň ýagdaýlaryna gös-göni täsirini ýetirýär. Şu sebäpli tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak tutuş adamzadyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Türkmenistan döwletimizde daşky gurşawy goramagyň meseleleriniň giň toplumyny çözmek boýunça uly işler alnyp barylýar we global derejede durnukly ösüş boýunça işjeň hereketler durmuşa geçirilýär [2]. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlary tebigata we onuň serişdelerine aýawly garaýyş bilen utgaşyklykda, ykdysady we durmuş wezipeleriniň toplumlaýyn çözülmegine daýanýar. Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda eden taryhy çykyşynda “...Biziň ýurdumyz “ýaşyl ykdysadyýete” tapgyrlaýyn geçýär” diýip belleýär [3]. Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän özgertmelerinde “ýaşyl ykdysadyýetiň” mazmuny eriş-argaç bolup geçýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda “...Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär. Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr” diýlip bellenip geçilýär [1]. Jemgyýetiň durnukly ösüşi üçin jemgyýetiň ösüşi bilen daşky gurşawyň tebigy sazlaşygy, tebigy ulgamlaryň saklanylmagy, olaryň bitewiliginiň we durmuş üpjünçiliginiň wezipeleri, ýaşaýyş-durmuş hiliniň ýokarlandyrylmagy, ýurduň ekologiýa howpsuzlygynyň üpjünçiligi Türkmenistanyň döwlet ekologiýa syýasatynyň baş maksady bolup durýar.

“Ýaşyl ykdysadyýet” adamlaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrýan we durmuş adalatlygyny üpjün edýän ykdysadyýet bolmak bilen, daşky gurşawa zyýanly täsiriň töwekgelçiligini azaldýan hojalyk gatnaşyklarynyň toplumydyr. Başgaça aýdanymyzda, “ýaşyl ykdysadyýet” – uglerod birleşmeleriniň daşky gurşawa pes derejede zyňylmagyny üpjün edýän, serişdeleriň netijeli ulanylýan we tutuş jemgyýetiň bähbitlerine laýyk gelýän ykdysadyýetdir.

“Ýaşyl ykdysadyýet” daşky gurşawa zyýanly galyndylaryň we parnik gazlarynyň bölünip çykmagyna gözegçilik edýän we olaryň möçberini azaldýan, tebigy-howa şertleriniň üýtgemegini çaklamaga mümkinçilik berýän, şeýle hem energiýany we serişdeleri tygşytlamagy üpjün edýän tehnologiýalary we enjamlary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça tehnologiýalary işläp taýýarlamagy, öndürmegi we ulanmagy, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmegi göz öňünde tutýar.

Daşky gurşawy goramak boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Maksatnamasy (UNEP) 2050-nji ýyla çenli dünýä hojalyk gatnaşyklaryny daşky gurşawa aýawly çemeleşýän, serişdeleri netijeli peýdalanýan ykdysadyýete özgertmekligi maksat edinýär. Bu işleri durmuşa geçirmek üçin on sany esasy ugra maýa goýumlaryny çekmekligiň zerurlygyny belleýär. Olara energetika, senagat, syýahatçylyk we ulag pudaklary, oba, tokaý we suw hojalyklary, balykçylyk, ýaşaýyş-jemagat hojalygy we galyndylary gaýtadan işleýän pudaklar degişlidir [6].

Alymlaryň aglaba bölegi “ýaşyl ykdysadyýet” ýurduň durnukly ösüşini üpjün edýär diýip hasaplaýarlar. Durnukly ösüş üç düzüjiniň – ykdysady, durmuş we ekologiki ulgamlaryň toplumlaýyn arabaglaşygyny göz öňünde tutýar. “Durnukly ösüş” häzirkizaman global syýasy-ykdysady konsepsiýalaryň biri bolup durýar. Durnukly ösüşiň derwaýys meselesini çözmegiň has amatly görnüşi tebigata aýawly garaýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryna geçmek hasaplanýar. Munuň üçin, energiýany peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, onuň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine geçmek, zerur däl harajatlary hem-de energiýanyň ýitgisini aradan aýyrmak, serişdeleriň gorlarynyň aýlanyşygyny üpjün etmek we gaýtadan peýdalanmak esasy ugurlar hasaplanýar. Energetika pudagynda energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ulanylmagy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň peýdalanylmagy “ýaşyl ykdysadyýete” geçmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Türkmenistanyň energetika pudagy ýokary kuwwatlyklara eýedir. Bu pudak ýurdumyzyň elektrik energiýasyna bolan zerurlygyny doly üpjün edýär we ony daşary ýurtlara eksport edýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda “Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” üstünlikli amala aşyrylýar. Energetika senagatynda pudaklaýyn taslamalary durmuşa geçirmekde iň täze, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlar ulanylýar. 2018-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan açylyp ulanylmaga berlen, Marynyň Döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän, oturdylan kuwwatlygy 1574 MWt deň bolan ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bilşimiz ýaly, bu desganyň taslamasy Şweýsariýanyň federal tehnologiýa instituty tarapyndan “Ýokary tehnologiýaly energetika desgasy” diýlip ykrar edildi. Täze elektrik stansiýasy Amerikanyň sagdyn ekologiýa gaznasynyň ekologiýa howpsuzlygyny tassyklaýan şahadatnamasyna, Max Planck adyndaky energiýa institutynyň “Durnuklylyk we netijelilik üçin” sertifikatyna mynasyp boldy. Utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýalary uly artykmaçlyklara eýedir. Eger ýönekeý yzygiderlikdäki elektrostansiýanyň peýdaly hereketiniň görkezijisi (PHG), ortaça, 34,2% deň bolsa, onda utgaşykly yzygiderlikde PHG bir ýarym esseden gowrak ýokarlanyp, 56% gowrak bolýar. Bugly-gazly elektrik stansiýalar diňe bir ykdysady taýdan däl, ekologiýa babatda hem özüne çekijidir. Çünki bu ýagdaýda ýanma önümleri bolan kömürturşy gazynyň daşky gurşawa bölünip çykmagynyň möçberi 2-3 esse azalýar [5].

Ýurdumyzda “ýaşyl ykdysadyýetiň” kemala gelmeginde hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan “Energiýany tygşytlamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti uludyr. Bu döwlet maksatnamasynyň esasy maksatlary aşakdakylardyr [4]:

- Türkmenistanyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek üçin energetika pudagynyň we tebigy energetika serişdeleriniň ýokary derejede netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmek;

- Türkmenistanyň ýangyç gorlarynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän we adaty bolmadyk çeşmeleriniň, ýangyjyň saýlanyp alynýan görnüşleriniň we ikilenç energetika serişdeleriniň paýyny artdyrmak;

- energetika serişdeleriniň peýdalanylýan şertlerinde ilatyň saglygyna, ýaşaýyş-durmuşyna hem-de daşky gurşawa howpsuzlygy üpjün etmek.

Döwlet maksatnamasynda innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak we energiýa tygşytlaýjy enjamlaryň, abzallaryň we materiallaryň häzirki zaman görnüşlerini Türkmenistanyň ykdysady pudaklarynda we durmuş ulgamynda ulanmak boýunça işleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegi “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan ykdysadyýetiň ösüş depginlerini gazanmak üçin zerur bolan energetika netijeliliginiň derejesini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Kesgitlenen wezipeleriň amala aşyrylmagy bilen ýurdumyzda jemi içerki önümiň birligine energiýanyň sarp edilişiniň azalmagyna, gün energiýasyny ulanmagyň möçberlerini ýokarlandyrmaga, degişli döwürde biogaz desgalarynyň işe girizilmegine we kiçi kuwwatly ýel energetika desgalarynyň döredilmegine we önümçilige ornaşdyrylmagyna, şeýle hem, energiýa göterijileriniň beýleki görnüşleriniň möçberleriniň artdyrylmagyna garaşylýar. Bu işleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda daşky gurşawyň aýawly saklanmagyna oňyn täsirini ýetirer.

Umuman, “ýaşyl ykdysadyýet” ýurduň ykdysady ösüşi bilen bir hatarda jemgyýetiň bagtyýarlygyny we daşky gurşawyň we tebigy serişdeleriň aýawly peýdalanylmagyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan “Energiýany tygşytlamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” durmuşa geçirilmegi, elektrik energetikasy pudagynda durmuşa geçirilýän taslamalarda innowasion tehnologiýalaryň peýdalanylmagy Türkmenistan döwletimiziň gazylyp alynýan energiýa serişdeleriniň baý gorlaryny netijeli peýdalanmaga, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösdürilmegine, daşky gurşawy aýawly we arassa saklamaga ýardam berer.

EDEBIÝATLAR


1. Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Aşgabat, 2016.

2. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy. I tom. – Aşgabat: TDNG, 2010.

3. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde eden çykyşy. // Türkmenistan, 2018-nji ýylyň 26-njy sentýabry.

4. Energiýany tygşytlamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy. – Aşgabat, 2018.

5. Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty “ýaşyl tehnologiýalara” beslenýär. TDH. // Türkmenistan, 2018-nji ýylyň 10-njy sentýabry.

6. Навстречу «зеленой» экономике: пути к устойчивому развитию и искоренению бедности. Обобщающий доклад для представителей властных структур. Резюме. – Найроби: UNEP, 2011.



Çeşme: "Türkmenistanda ylym we tehnika" žurnaly, №4, 2020ý.

Azat Karýagdyýew

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň "Energetika pudagynyň ykdysadyýeti" kafedrasynyň uly mugallymy