KITAPHANA ULGAMY KÄMILLEŞDIRILÝÄR

Milli liderimiz: “Kitaphana – ýurdumyzyň medeni-bilim babatda ýeten derejesiniň, ilatyň paýhas ösüşiniň görkezijisi” diýip belleýär we halkymyzyň ähli döwürlerde kitaba aýratyn ähmiýet berip gelýändigini nygtaýar. Döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda belleýşi ýaly, ýurdumyzyň çäginde göçme kitaphanalar bilen bilelikde, Nusaýyň, Köneürgenjiň, Amulyň, Dehistanyň we Gadymy Merwiň iri kitaphanalary hem hereket edipdir. Altyn-kümüşden gymmatly saýylan kitaplar bilen ýüklenen kerwenler arkaly täze ylymlar we oňyn ýörelgeler dünýä ýaýradylypdyr.

Döwrüň özgermegi we täze tehnologiýalaryň ösmegi bilen, kitap okamak işi döwrebap derejede kämilleşdi. Häzir kitaplar elektron görnüşde, göni aragatnaşyk (online) tertibinde elýeterli boldy. Häzirki döwürde gerekli kitaphanaňa internet üsti bilen girmek hem-de zerur neşiriň sanly görnüşini almak mümkinçiligi döredildi. Kitaphanalar kitaplaryň saklanýan ýeri we medeniýet ojagy bolmak bilen, häzirki zaman okyjylarynyň talaplaryna laýyk getirilýär. Munuň özi bilimi, aň-paýhasy ösdürmekde has-da ähmiýetlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine degişli merkezi kitaphanalarda öňdebaryjy tehnologiýalara we dünýäniň oňyn tejribesine esaslanýan bir bitewi elektron ulgam döredildi. Döwrebap sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly, ýurdumyzyň ýokary bilim ulgamynyň kitaphana işgärleriniň arasynda usulyýet işini kämilleşdirmek maksady bilen, dürli bäsleşikler guralýar.

Häzirki zaman maglumat jemgyýeti talyp ýaşlaryň durmuşyň ähli ulgamlarynda talap edilýän bilimiň kemala gelmegini we toplanmagyny şertlendirýän ykdysadyýeti, tehnikany, ylmy we bilimi ösdürýän kitaphanalaryň işini guramaga täzeçil çemeleşmeleri talap edýär.

Munuň bilen baglanyşykly alnyp baryýan işleriň netijesinde kitaphanalar maglumat-tehnologiýa mümkinçiliklerini yzygiderli kämilleşdirip, sanly resminamalaryň we maglumatlaryň köp toplanan ýerine öwrülýär. Bu ulgamyň häzirki zaman ösüş strategiýasy internetiň, mümkinçilikleriniň elektron kitaplary peýdalanyjylara elýeterli bolmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Bu çäreleriň hemmesi ýokary okuw mekdeplerindäki kitap gaznalarynyň sanly görnüşdäki elýeterliligini ýokarlandyrmaga, seýrek we gymmatly neşirleriň saklanmagynyň ýokary derejesini üpjün etmäge, milli hem-de halkara derejede kitaphanalaryň arasynda tejribe alyşmak üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Şeýle kitaphanalar ýokary okuw mekdepleriniň aglabasynda bardyr. Döwrebap gurulan kitaphanalar diňe bir kitaplar bilen baýlaşdyrylman, eýsem döwrüň talaplaryna laýyk gelýän maglumat tehnologiýalary bilen hem enjamlaşdyrylan. Professor-mugallymlar we talyp ýaşlar bu döredilen uly mümkinçiliklerden giňişleýin peýdalanýarlar.

Kitaphana işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, türkmen dilinde ýazylan ilkinji programma önümleriniň biri bolan, «Kitaphana ulgamy» atly programma ornaşdyrylýar. Munda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň tejribesi öwrenerliklidir.


1-nji surat - Programma giriş

«Kitaphana ulgamy» programmasy umumy tor arabaglanyşygyndaky ulanyjylaryna hyzmat edip, baş sahypadan başga iki bölümden – dolandyryjydan we ulanyjylardan ybaratdyr. Dolandyryjy tarapyndan sanawa alynan her bir ulanyjyny (özüne degişli ulanyjy) we gizlin sözi belgilerini (parollaryny) ýazyp, kitaphana ulgamyna girip bolýar.

Dolandyryjynyň sahypasy we mümkinçilikleri.

Dolandyryjy öz sahypasyna ulanyjy we gizlin söz belgilerini girizende, şahsy sahypa açylýar. Baş sahypa bolmak bilen, onda üç sany bölüm okyjylara hyzmat edýär.


2-nji surat - Programmanyň baş sahypasy

Baş sahypa. Bu sahypada kitaphanadaky hereketler, ýagny sanawa alynan kitaplaryň we talyplaryň, şol sanda okamak üçin alynan we tabşyrylan kitaplaryň jemi sany barada gündelik hasabaty görmek bolýar.

Birinji bölüm. Hasabat. Bu bölüm kitaphana bilen kitaby ulanyjylaryň (talyplaryň) arasyndaky hasabaty alýar, ýagny talybyň okamak üçin alan hem-de tabşyran kitaplarynyň sanawyny yzygiderli tertipde (senesi, talyp belgisi, ady familiýasy, kitap belgisi we kitabyň ady) hasabatyny ýöredýär.

Ikinji bölüm. Kitaplar. Bu bölüm kitaplar barada doly hasabat berýär, ýagny kitaplar toparlara bölünýär (programmirleme dilleri, matematika, diller, çeper eserler we ş.m.) soňra belgilenen tertip boýunça kitaby degişli bölümde hasaba alýar. Şeýle hem, her bir kitabyň (aýry-aýrylykda) kitaphanadadygyny ýa-da talypdadygyny habar berýär.

Üçünji bölüm. Talyplar. Bu bölümde ýokary bilim ojagynyň hünarleri şertli belgileri bilen hasaba alynýar, soňra talyplar okaýan hünärlerine görä, takyk (hünäri, suraty, talyp belgisi, ady we familiýasy) sanawa alynýar.

Ulanyjynyň sahypasy we mümkinçilikleri.

Ulanyjylar, dolandyryjy tarapyndan hasaba alynandan soňra, şahsy ulanyjy we gizlin sözi ýazyp, kitaphana ulgamy programmasyna girip biler. Açylan ilkinji penjirede bu programma tarapyndan hasaba alynan kitaphanadaky hemme kitaplaryň sanawy, eger kitap kitaphanada bolsa “Kitaphanada”, talypda bolsa “Talypda” diýen ýazgy çykar. Hasaba alynan kitaplaryň köpdügine garamazdan, munuň bölümi, belgisi, ady we awtory boýunça kitaplary aňsatlyk bilen gözlemek mümkinçilikleri bardyr.

Talyplar “Kitaphana ulgamy” programmasyny institutda tor arabaglanyşygyndaky şahsy kompýuterleriň we wifi (wireless fidelity - simsiz aragatnaşyk) tolkunynyň çäginde ykjam telefonlary arkaly hem peýdalanyp bilerler.

Giň mümkinçiliklere eýe bolan “Kitaphana ulgamy” programmasy aşakdaky aýratynlyklary bilen tapawutlanýar:

- web brauzer sahypasyny ýerli (local) tor arabaglanyşygynda ulanmak;

- ulanyjylary toparlar boýunça hasaba almak;

- belgilenen her bir kitaby aýratyn hasaba almak;

- hasaba alynan kitaplary bölümler boýunça ýerleşdirmek;

- kitaplary aýratynlykda awtory, bölümi, belgileniş tertibi boýunça gözlemek;

- zerur bolan kitaplary okamakda şahsy kompýuter, planşet we ykjam telefonlardan peýdalanmak;

- her bir talybyň peýdalanan kitaplarynyň sanawyny aýratynlykda seljermek;

Hormatly Prezidentimiz : “Ylymly bilimli nesli kemala getirmek halkyň geljekki bagtyýar, mynasyp durmuşynyň kepilidir” diýip belleýär. Ylymly-bilimli ýaş nesliň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ili abat bolsun, il-halk bahbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!



Çeşme: "Bilim" žurnaly, №4, 2020ý.

Jumamuhammet Abdyýew

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň "Maglumat tehnologiýalary" kafedrasynyň müdiri


Arslan Agaýew

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň "Maglumat tehnologiýalary" kafedrasynyň mugallymy