TEHNIKI UGURLY ÝOKARY OKUW MEKDEPLERDE DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRETMEGIŇ INNOWASION USULLARY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşiň täze belentlikleriniň ýoly bilen ynamly gadam urýan döwletimiziň ylym-bilim ojaklarynda täze tehnologiýalaryň, sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy mugallymlardan dünýä ylymynyň gazananlaryny öz iş tejribelerinde özleşdirmegi talap edýär.

Tehniki ugurly ýokary okuw mekdeplerinde hünäre gönükdirilen daşary ýurt dillerini öwretmekde taslamalaýyn usul, ülňüleşdirme (modelirleme) usuly, kommunikatiw usul ýaly okamagyň täze usullary uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini okatmagyň innowasion usullarynyň biri kommunikatiw usuldyr. “Sözleýşi janly gepleşigiň üsti bilen öwretmek” kommunikatiw usulyň esasy şygarydyr. Munuň esasynda hünäre gönükdirilen daşary ýurt dilleri sapaklarynda çekişmeler guramak, kommunikatiw oýunlaryň we gönükmeleriň üsti bilen kesp-kär adalgalaryny, ylmy dilde ýazylan tekstleri öwretmek ýaly işleri amala aşyrmak mümkin. Iňlis dili sapaklarynda ulanylýan kommunikatiw ýumuşlara degişli mysallary getireliň:

1. Match the halves.
2. Find a word corresponding to each definition. Enter the words in cells.

Tehniki ugurly ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini öwretmegiň taslamalaýyn usuly hem möhüm orna eýedir. Onuň sapaklarda ulanylyşynyň birnäçe görnüşi bar: döredijilik taslamalary, maglumat toplamaklyk taslamasy, derňew taslamalary, hünär ugurly taslamalar, sahnalaşdyrmagyň taslamasy we ş.m. Hünäre gönükdirilip, daşary ýurt dilleri öwredilende, alnyp barylýan taslamalaryň taýýarlanylyşy talyplaryň hünärleri bilen baglanyşykly islendik temada özbaşdak derňew, seljeriş işlerini alyp barmaklaryna esaslanýar. Şol sebäpli hem, tehniki ugurly ýokary okuw mekdeplerinde hünärine görä daşary ýurt dilleri öwredilende, esasan, derňew taslamalary we hünär ugurly taslamalar ulanylýar.

Talyplara hünär ugurly temalar boýunça, has takygy, “Energetikleriň dili”, “Tehniki adalgalaryň dünýäsi”, “”Tehniki tekstleri terjime etmegiň aýratynlyklary”, “Sanly ykdysadyýet we energetika” ýaly temalar boýunça anyk taslamalaryň üstünde işlemeklik tabşyrylýar. Talyplaryň bu temalar boýunça maglumat toplamaklarynyň we seljeriş işlerini alyp barmaklarynyň esasynda ylmy-amaly sapaklary gurap, şol sapaklarda tanyşdyryşlar, dürli maglumatlar bilen çykyş etmeklerini gazanyp bolýar.

Tehniki ugurly ýokary okuw mekdeplerinde taslamalaýyn usulyň ulanylyşyna degişli mysal getireliň. Meselem, elektrik energiýasynyň adamzadyň durmuşyndaky ähmiýeti barada meseläni orta atyp, talyplara olary öndürýän stansiýalar, olaryň görnüşleri, ilkinji çeşmeleriniň aýratynlyklary we daşky gurşawa ýetirýän täsirleri barada maglumat toplamagy we seljermegi tabşyrylmaly. Soňra talyplar tarapyndan toplanan we seljerilen maglumatlaryň esasynda taslama taýýarlap, tanyşdyryş (prezentasiýa) arkaly çykyş etmeklerini gazanmaly. Bu taslama talyplaryň has işjeň gatnaşmagy üçin, bir toparyň talyplaryny üç sany kiçi toparçalara bölmeli: birinji toparça “Inženerler”, ikinji toparça “Statistikler”, üçünji toparça “Ekologlar” diýip at berip bolar. Birinji toparça elektrik stansiýalar barada umumy seljerme we taslama işini iňlis dilinde taýýarlamaly, ýagny elektrik stansiýalaryň görnüşleri, olaryň her biriniň artykmaçlyklary, aýratynlyklary barada maglumatlara seljerme bermeli. Ikinji toparça elektrik stansiýalar barada statistiki maglumatlara seljerme bermeli. Üçinji toparça bolsa, elektrik stansiýalaryň ekologiýa, daşky gurşawa täsiri barada taýýarlan taslamalary we seljerme işleri boýunça tanyşdyryşlar bilen çykyş etmeli. Sapagy ylmy-amaly maslahat görnüşinde gurap, talyplaryň çykyşlary diňlenilmeli.

Okatmagyň ülňüleşdirme (modelirleme) usulynyň esasynda mugallym öwredilýän temany talyba tablisa, çyzgy (shema) arkaly düşündirip, hünäri boýunça daşary ýurt dilini dürli “sözleýiş gurluşlarynyň” esasynda aňsatlyk bilen öwrenmeklerini gazanyp hem biler.

Jemläp aýtsak, tehniki ugurly ýokary okuw mekdeplerinde hünäre gönükdirilen daşary ýurt dili dersiniň okuw meýilnamasyny özleşdirmekligiň netijesinde talyp:

1. Öz hünär diliniň adalgalaryny, ulanyş ýygylygy boýunça çäkli sözleri (kär-hünär leksikasyny) bilmelidir, ylmy-tehniki adalgalary öz hünäriniň çäginde sözleýiş dilinde we ýazuwda ulanmagy başarmalydyr.

2. Daşary ýurt dilinde hünäri bilen baglanyşykly ýazylan tekstlere düşünmelidir we seljerme bermäge taýýar bolmalydyr.

3. Öz hünär diliniň leksik, grammatik we stilistik aýratynlyklaryny bilmelidir.

4. Daşary ýurt dilinde hünäri bilen baglanyşykly çykyşlary taýýarlamagy, hünär dilinde alnyp barylýan gepleşiklere, ylmy çekişmelere gatnaşmagy we çykyş etmegi başarmalydyr.

5. Hünäri bilen baglanyşykly resminamalary, iş kagyzlaryny daşary ýurt dilinde ýazyp bilmelidir.

6. Hünäri bilen baglanyşykly ýazgylary, tekstleri, makalalary daşary ýurt dilinden türkmen diline ýa-da türkmen dilinden daşary ýurt diline terjime etmäge taýýarlanmalydyr.

7. Zerur ýagdaýlarda iş gepleşiklerini alyp barmaklygyň medeniýetini we ş.m. bilmelidir.

Talybyň şeýle başarnyklara eýe bolmagy onuň okuw meýilnamasyny özleşdirendigine we geljekki hünärmeniň hünär diline taýýarlyk derejesiniň kadalydygyna şaýatlyk edýär.



Çeşme: "Bilim" žurnaly, №4, 2020ý.

Jahan Saparowa, Gadam Akmyradow

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Diller kafedrasynyň mugallymlary