ÖZBAŞDAK ENERGIÝA TYGŞYTLAÝJY GÜN ÝYLADYŞHANASY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda oba hojalygyny bazar şertlerine laýyklykda ösdürmek ugrundaky alnyp barylýan agrar syýasaty bu pudagyň bar bolan ähli mümkinçiliklerini halkymyzyň abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin peýdalanmak we bäsleşige ukyply agrar önümçiligi döretmekden ybarat bolup durýar. Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň sazlaşykly ösmegine gönükdirilen esasy ugurlaryny özünde jemleýän we amala aşyrylmaly işler “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” öz gözbaşyny alýar. Maksatnamada milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyny sazlaşykly ösdürmäge aýratyn uly ähmiýet berilýär. 2019-2025-nji ýyllarda oba hojalyk pudagynyň esasy wezipeleri ýurdumyzyň azyk bolçulygyny döretmek, gaýtadan işleýän pudaklary bolsa zerur bolan çig mal serişdeleri bilen üpjün etmek üçin ýeterlikli derejede oba hojalyk önümlerini öndürmek bolup durýar. Bu toplumyň ösdürilmegi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini ýokarlandyrmaga we önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga ýardam berýär. Bu ugurda göz öňünde tutulan çäreler kabul edilýän maksatnamalary durmuşa geçirmek arkaly amala aşyrylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge uly üns berilýär. Ilatyň isleg bildirýän azyk harytlarynyň, gök-bakja, miwe we maldarçylyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen ýurdumyzda döwrebap ýyladyşhanalary gurmak üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda olar milli Liderimiziň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň özümizde öndürülişini artdyrmak, halkymyzyň azyk önümleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, eksport mümkinçiliklerimizi giňeltmek barada öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegine saldamly goşant goşýarlar.

Ýurdumyzyň howa şertleri gije bilen gündiziň, gyş bilen tomus paslynyň howasynyň temperatura tapawudynyň uly baha eýe bolýandygy sebäpli, özüne ünsi çekýär. Beýle ýagdaýyň ýüze çykmagy bolsa oba hojalyk ekinlerinden alynýan önümler bilen ýurdumyzyň bazarlaryny bütin ýylyň dowamynda üpjün etmek meselesine jogapkärli çemeleşmegi talap edýär. Şeýle hem häzirki wagtda kiçi hojalyklarda, aýratyn hem merkezi elektrik üpjünçilik ulgamyndan uzakda ýerleşýän obalarda peýdalanylýan ýyladyşhanalaryň bardygyny bellemek gerekdir. Bu ýyladyşhanalary kesgitli ýyly temperaturada saklamak üçin elektrik energiýasyndan ýa-da tebigy gazdan peýdalanylýar. Ol bolsa aýratyn hem gyş paslynda elektrik energiýasynyň we tebigy gazyň köp mukdarda sarp edilmegine getirýär. Netijede, elektrik energiýasyny öndürýän enjamlarda, paýlaýjy we geçiriji liniýalarda çenden aşa ýüklenmäniň ýüze çykmagyna getirýär. Tebigy gazyň bolsa çenden aşa ýakylmagy we kömürturşy gazynyň köp zyňylmagy sebäpli, daşky gurşawa öz zyýanly täsirini ýetirýär. Bularyň esasynda ýyladyşhananyň amatly taslamasyny işläp düzmek, netijeliligini ýokarlandyrmak we ondan ýerli şertlere görä peýdalanmak babatda düýpli ylmy-derňew işlerini amala aşyrmaklygyň zerurlygy ýüze çykýar.

Elektrik energiýasyny öndürmegiň öňki bar bolan ugurlary bilen bir hatarda “geljegiň energetikasy” adyna eýe bolan alternatiw energiýa çeşmelerinden peýdalanmak ugrunda hem birnäçe ylmy-derňew işleri geçirilýär. Alternatiw energiýa çeşmeleriniň ekologiki taýdan arassa, bol we elýeterli bolmagy bu çeşmelere bolan islegi has hem ýokarlandyrýar. Elektrik energiýasy öndürilende daşky gurşawa zyňylýan zyýanly gazlaryň möçberini azaltmaga ýerli energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmaga bildirilýän talaplar hem barha artýar.

Ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän we adaty bolmadyk çeşmeleriniň, ýagny alternatiw hem-de ikilenç energetika serişdeleriniň görnüşlerini peýdalanmagyň gerimini giňeltmek, energiýany tygşytlaýjy we innowasiýa tehnologiýalaryny işläp taýýarlamagyň hem-de durmuşa ornaşdyrmagyň esasynda tebigy energiýa serişdeleriniň tygşytlylygyny we ygtybarlygyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 21-nji fewralyndaky 674-nji Karary bilen “Energiýany tygşytlamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” tassyklanyldy. Bu Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan netijeleri durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň degişli bentlerine laýyklykda: 2018-2020-nji ýyllar aralygynda Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri hakyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak we Türkmenistanyň Mejlisine hödürlemek; 2020-nji ýylda Topragyň ýylylygyny netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýän ýylylyk turbaly gelioýyladyşhanalaryň taslamasyny taýýarlamak; 2020-2023-nji ýyllar aralygynda Galyndylary gaýtadan işlemek esasynda alynýan biogazyň we guşlaryň bedenleriniň ýylylyk bölüp çykarmalaryny, gün energiýasyny peýdalanýan ýyladyşhanalaryndan we guş saklanýan jaýlardan ybarat utgaşdyrylan geliodesgalaryň taslamalaryny taýýarlamak; 2020-2024-nji ýyllar aralygynda Bug gazanlarynda ýangyç hökmünde ulanmak üçin biogazy almak bilen, galyndylaryň peýdalanylmagynyň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak; 2023-2024-nji ýyllar aralygynda Gaýtadan işlenilýän we iri oba hojalyk toplumlarynda ýangyjyň ýerli görnüşlerini peýdalanýan elektrik öndüriji gurluşlary we biogaz desgalaryny ornaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak işleri göz öňünde tutulýar.

Daşky gurşawy goramak, tebigita aýawly çemeleşmek, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini we baýlygyny saklamak; tebigy serişdeleri netijeli we rejeli peýdalanmagyň hasabyna ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginlerini üpjün etmek, türkmen halky üçin oňaýly şertleri döretmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara tagallalary utgaşdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän tebigaty goraýyş strategiýasynyň esasy ugurlary bolup durýar.

Halkara guramalary bilen bilelikde daşky gurşawy goramak, tebigatyň gözelligini aýawly saklamak boýunça maksatnamalary ýerine ýetirmekde döwletimiz işjeň agzalaryň biri hökmünde dünýä ýüzünde uly abraýdan peýdalanýar. Aýratyn hem soňky ýyllarda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, döwletimiz 2018-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmesi boýunça halkara agentligi (IRENA) agzalygyna kabul edildi. Bu halkara agentligi (IRENA) bilen gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmekligiň çäklerinde geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy ylalaşyldy we häzirki wagtda göz öňüne tutulan çäreleri durmuşa geçirmek üçin degişli işler yzygiderli alnyp barylýar.

Ylmy-barlagyň usulyýeti. Häzire çenli gurluş aýratynlygy boýunça tapawutlanýan ýyladyşhanalarda ylmy-derňew işleriň dürli usullar boýunça ýerine ýetirilendigi barada ylmy žurnallarda degişli maglumatlar berilýär [3, 74-78ss]. Ýyladyşhananyň taslamasynyň saýlanyp alynmagy öňden belli bolan maglumatlara we taslanylýan desganyň ýerli iş şertine baglydyr. Bu işde ýyladyşhanany gyzdyrmak üçin ilki başky energiýa çeşmesi hökmünde Günüň şöhlesinden we ýerli materiallardan peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Kesgitlenen geografik nokatda günüň şöhlesiniň wagta görä üýtgeýşini hasaba almak arkaly, şeýle hem Günüň energiýasynyň bahalary baradaky anyk maglumatlaryň esasynda taslamany amala aşyrmak bolar. Bu bahalar baradaky anyk maglumatlary meteorologik stansiýalaryň kömegi arkaly toplamak bolýar. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň özbaşdak energoüpjünçilik synag jaýynda gurnalan “Davis Vantago Pro 2 Plus” kysymly meteorologik stansiýasynda gün radiasiýasynyň depginini, suwuň bugarmasyny, howanyň temperaturasyny we çyglygyny, ýagýan atmosfera ygalynyň möçberini we depginini, ýeliň ugryny we tizligini kesgitlemek üçin degişli ölçegleriň takyk bahalary alyndy.

Gün batareýalary kese tekizlige görä, käbir β burça gyşardylyp ýerleşdirilende ortaça bir aýyň dowamynda bir güneşli gün ýapgyt üste düşýän günüň energiýasynyň jemleýji möçberiniň uly baha eýe bolýandygy hasaba alyndy. Şol ugurdan hem ýyladyşhananyň taslamasynda esasy gün şöhlesini kabul ediji işçi bölek aýna örtügi bolup, ony degişli β burça gyşardylyp, günorta bakdyrylyp ýerleşdirmek maksada laýyk hasap edildi. Onuň sebäbi hem aýna we polietilen plýonka örtükleri günden gelýän ýagtylygy we ýokary ýygylykly hem-de ýokary energiýaly ultramelewşe şöhleleri öz üstlerinden päsgelçiliksiz geçirip bilýär. Ýyladyşhananyň içki temperaturasynyň daşarynyň temperaturasyna garanyňda has çalt depginde ýokarlanma prosesiniň bolup geçýändigi bilen düşündirilýär.

Häzirki wagtda kiçi hojalyklarda we merkezi elektrik üpjünçilik ulgamyndan uzakda ýerleşýän ilatly ýerler adaty ýyladyşhanasyndan peýdalanýarlar. Şonuň bilen bir hatarda ýyladyşhananyň içinde ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň görnüşine baglylykda kesgitli temperaturany saklamak üçin elektrik energiýasy ýa-da tebigy gaz sarp edilýär. Uzynlygy 26 metr we ini 12 metr bolan,polietilen plýonka bilen örtülen ýyladyşhanany kesgitli ýyly howa bilen üpjün etmek üçin gündizki howanyň şertine baglylykda tebigy gazyň on iki sagat ýakylmasyndan ugur almaly. Mysal üçin, pomidor: 18÷200C, hyýar: 20÷250C. Bir peç üçin dört aýyň dowamynda 2448m3/sag tebigy gaz sarp edilýär. Şeýlelikde bir peçde sarp edilýän tebigy gazdan dört aýyň dowamynda 8,6kg kömürturşy – CO2 gazy bölünip çykýar. Ýyladyşhanada ýakylýan tebigy gaz gyş paslynyň dört aýynda ýakylýar. Netijede, umumy meýdany 234m2 bolan ýyladyşhanada alty sany peçde tebigy gazyň sarp edilmesini we ondan bölünip çykýan kömürturşy gazyny hasaba alsak, onda daşky gurşawa nähili derejede öz zyýanly täsirini ýetirýändigine göz ýetirmek bolýar.

Ýyladyşhanalarda ekilýän ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda ýüze çykýan esasy meseleleriň biri-de ýylatmak prosesini dogry we ýeterlik derejede saýlap almak hem-de hasaplamak bolup durýar. Ýylatmaga sarp edilýän ýylylygyň mukdary aşakdaky formula boýunça kesgitlenilýär.

bu ýerde: L - germew koeffisiýenti; F -umumy meýdan, m^2; K -aýnalanan üstüň ýylylyk geçirijilik koeffisiýenti (5,5 kkal/ m^2×sag kabul edilýär); t_içk-desganyň içki temperaturasy (gök önümler üçin +180C, şitil üçin +250C kabul edilýär); t_daş- daşky howanyň has sowuk gündäki ortaça temperaturasy (gurluşyk kadalary we düzgünleri boýunça kabul edilýär); K_inf-syzylyp geçme koeffisiýenti. Syzylyp geçme koeffisiýentiniň bahalaryny 1-nji tablisadan almak bolýar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň tejribe meýdançasynda gurlan, özüni energiýa bilen özbaşdak üpjün edip biljek gün ýyladyşhanasynda geçirlen ylmy-derňew işleri boýunça alnan netijeler ýakylýan tebigy gazy tygşytlamaga we daşky gurşawa zyňylýan kömürturşy gazynyň möçberini azaltmaga uly mümkinçilikleriň bardygyny görkezdi. Şeýle hem bu işde alnan netijeleriň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen “Energiýany tygşytlamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” meýilnamasynda göz öňünde tutulýan çäreleri amala aşyryp boljakdygy aýan edildi (1-nji surat).

1-polietilen plýonka örtügi; 2-aýna örtügi; 3- ýyladyşhananyň demirgazyk tarapy (energiýa ýitgisini azaltmak üçin goýun ýüňi bilen doldurylan bölegi); 4- ýyly howanyň turbadan çykýan bölegi; 5-ýörite gapda ýetişdirilýän ekinler; 6-içki we daşky toprak; 7-örtülen arassa sygyr dersi; 8-ýörite gapda ýetişdirilýän ekinleriň tekjesi; 9-daş bölekleri; 10-polietilen plýonka örtügi; 11-ýyly howany aýlaýjy howa çalşyjy;

Ýyladyşhanada birnäçe aýyň dowamynda ylmy-derňew işleri yzygiderli alnyp baryldy. Onuň umumy göwrümi 7,5 m^3, uzynlygy 3m, ini 2m, beýikligi 2m, aýna örtüginiň tutýan meýdany 7,5 m^2, aýna örtüginiň kese tekizlige görä ýapgytlyk burçy 〖36〗^0 deň bolup, ol günorta tarapa gönükdirilendir. Ýyladyşhananyň esasy göteriji bölekleri metaldan taýýarlanylyp, onuň demirgazyk tarapy iki gat polietilen plýonka bilen örtülip, onuň arasynda 50mm ölçegde boşluk goýuldy we energiýa ýitgisini azaltmaklyk maksady bilen ol goýun ýüňi bilen dolduryldy.

Ýyladyşhananyň içi kese tekizlikden 2m çuňlukda gazyldy. Soňra gazylan meýdançanyň içi polietilen plýonka bilen örtüldi. Topragyň polietilen plýonka bilen örtülen üstüne 50sm galyňlykda arassa sygyr dersi ýerleşdirildi, onuň üstünden 50sm galyňlykda ölçegleri boýunça tapawutlanýan adaty daş bilen örtüldi. Daşyň 25sm merkezinden (ýyladyşhahanyň uzynlygy boýunça hem merkezi bolýar) galyňlygy 1mm, diametri 100mm bolan galaýy turba geçirildi. Ol turbanyň howany kabul ediji bölegi üstki toprakdan 20mm, ýyly howany çykaryjy bölegi 60mm beýiklikde gurnaldy. Turbanyň toprakdan çykýan bölegi gündizine jebis ýapylyp, ol diňe agşamlaryna açyldy. Turbadan ýyly howanyň geçip daşlaryň arasyna ýaýramagy üçin diametri boýunça 0,5mm ölçegdäki ötükler bilen üpjün edildi. Soňra daş bölekleriniň üsti hem 50 sm galyňlykda arassa sygyr dersi bilen örtüldi. Arassa sygyr dersiniň üstüne örtüljek topragyň ders bilen garylmazlygyny göz öňünde tutyp, polietilen halta bilen örtüldi we onuň üsti 30sm galyňlykdaky toprak bilen örtüldi. Iň üstki örtülen toprak diwara çenli ýetilmän, ýyladyşhananyň gyraky erňekleri boýunça 50mm açyk goýuldy.

Geçirilen tejribäniň netijeleri. Aýna örtüginden we polietilen plýonkadan bökdençsiz geçýän gün şöhlesi ýyladyşhananyň içine düşýär. Ýyladyşhana düşen gün şöhlesiniň energiýasynyň belli bir bölegi ýylylyk energiýasyna öwrülýär. Netijede, şol ýylylyk energiýasy toprak we ösümlikler arkaly siňdirilýär we olaryň temperaturasynyň ýokarlanmagyna getirýär. Şeýlelikde, ýyladyşhana gündizine ýyly howa bilen üpjün edilýär. Bu bellenilenler bilen bir hatarda gündizine ýyladyşhananyň içindäki döreýän ýyly howanyň kömegi esasynda turbaly äkidijiniň üsti bilen çuňlukda ýerleşdirilen dürli ölçegdäki daşlarymyzyň hem gyzdyrylma prosesi amala aşyrylýar. Gün şöhlesiniň kömegi esasynda ýyladyşhananyň içindäki emele gelýän ýyly howa çuňlukda ýerleşdirilen daşlaryň merkezinden geçýän turbaly geçirijiniň içi bilen aşaklygyna geçirilýär. Ýyly howany aşaklygyna geçirmek üçin “M-97-D” kysymly (12÷15V) ýörite howa çalşyjydan peýdalanyldy. Ol howa çalşyjy 130 Wt gün paneliniň berýän hemişelik togy bilen işe girizildi. Netijede, gündizine çuňlukda ýerleşdirilen daş bölekleriniň merkezinden geçýän turbanyň içinden ýyly howa geçip dürli ölçegdäki daş böleklerini gyzdyrýar. Onuň aşaky we üstki gatlagyndaky örtülen ders bolsa daşda emele gelýan ýyly temperaturany kadaly ýagdaýda saklamaga ýardam berýär. Gün ýaşandan soňra daşky temperaturanyň üýtgemegi sebäpli gündizine gyzdyrylan daşdaky ýyly temperaturaly howa ýyladyşhananyň erňeklerinde goýlan 50mm ölçegdäki açyk meýdançadan ýokary galyp ýyladyşhananyň içiniň temperaturasynyň kadaly ýagdaýda saklaýar.

Bu işde topragyň ýylylygyndan hem belli bir derejede peýdalanylýandygyny bellemek gerekdir. Ýylylyk bilen üpjün etmegiň bu usuly daşky howanyň pes temperaturasyna (-0C) çenli ýyladyşhanany ýyly howa bilen üpjün etmeklige ýardam berýär. Emma ýokarda belläp geçişimiz ýaly, howanyň ýygy-ýygydan üýtgeýändigini hasaba alyp, onuň sowuk wagtynda hem ýyladyşhananyň ýyly howa bilen üpjün etmek üçin özbaşdak energiýa ulgamy işlenilip düzüldi. Ol iri şahly mallaryň we guşlaryň derslerini gaýtadan işläp biogaz hem-de organiki döküni almaga mümkinçilik berýän enjamyň görnüşine degişlidir. Özbaşdak biogaz enjamy iri şahly mallaryň we guşlaryň derslerini anaerob şertinde ýokary derejedäki termofil kadasynda turşatmaga mümkinçilik berýär. Metanly anaerob turşatmasynyň ahyrky önümi biogaz, şeýle hem turşadylan ders. Bu ders öz düzüminde ösümlikleriň ýeňil özleşdirilýän görnüşindäki azotly birleşmeleriň belli bir mukdaryny saklaýar. Biogaz – bu gazlaryň garyndysydyr. Onuň esasy böleginde metan (СН4) – 55 – 70%; kömürturşy gazy (СО2) – 28-43%; şeýle hem az mukdarda beýleki gazlar bolýar, mysal üçin,kükürtli wodorod (Н2S). Anaerob turşamasynda ortaça 1 kg organiki maddadan 0,18 kg metan, 0,32 kg kömürturşy gaz, 0,3 kg suw we 0,3 kg bölünmedik galyndy galýar [4]. Bu bellenilenlerden ugur alyp gaz görnüşli biogaz ýangyjyny we ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli organiki döküni almak üçin ýörite tehnologik enjamyň kämilleşdirilen gurluşy taýýarlanyldy we onda tejribe-synag işi geçirildi. Bu bioreaktoryň göwrümi 0,15m3 deňdir. Bioreaktora sygyr we towuk dersiniň degişli gatnaşygy bilelikde garylyp peýdalanyldy. Biogaz ýangyjynyň emele geliş döwründe daşky gurşawyň temperaturasyny hasaba almak gerekdir. Şol sebäpli hem bu enjam ýyladyşhananyň içinde ýerleşdirildi. Netijede, sygyr we towuk dersinden alnan metan gazyny, ýyladyşhanany daşky howanyň pes temperaturasyna eýe bolan döwründe ýyly howa almak üçin peýdalanyldy.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň tejribe meýdançasynda gurlan, özüni özbaşdak energiýa bilen üpjün edip biljek gün ýyladyşhanasynda geçirilen ylmy-derňew işinde Mary welaýatynyň Mary şäheriniň geografik koordinatasy: demirgazyk giňligi 370 6/ we gündogar uzaklygy 610 8/ hasaba alyndy. Şeýlelikde kese tekizlige görä amatly (360) burça gyşardylan gün panelleriniň üstüne ortaça ýylyň dowamynda düşýän Günüň şöhlelenmesiniň intensiwliginiň 1897,407 kWt∙sag/m2∙ýyl bahasyndan başlangyç maglumatlaryň alynmagy bilen ýerine ýetirildi [6, 54-59ss]. Günüň dowamynda daşky howanyň temperaturasynyň dürli bahalarynda ýyladyşhananyň içindäki we ýylylygy toplaýjy ýerli materiallaryň temperatura görkezijileriniň kesgitlenilen bahalary 2-nji suratda görkezilen.



NETIJELER


1. Kiçi hojalyklarda ulanylýan ýyladyşhanalaryň ýyly howa üpjünçiliginde ýerli materiallary peýdalanyp, ýylatmak mümkinçiligi kesgitlenildi.

2. Tebigy gazy tygşytlamagyň we daşky gurşawa zyňylýan kömürturşy gazlaryň mukdaryny azaltmagyň usuly kesgitlenildi.

3. Ýyladyşhanadaky oturdylan aýna örtükleriniň kese tekizlige görä amatly burça gyşardylmasynyň ortaça ýylyň dowamynda düşýän günüň şöhlesiniň intensiwligine baglydygy anyklanyldy.

EDEBIÝATLAR


1. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy.-A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.

2. Jumaýew. A., Soltanow H. Energiýany tygşytlamagyň esaslary.-A.: Ylym, 2018.

3. Kadyrow K., Berdiýew A. Ýyladyşhanalarda we olaryň örtükleri üçin niýetlenilýän materiallara bolan talaplar. Türkmenistanda ylym we tehnika ylmy-nazary žurnaly, 2016, №4.

4. Барбара Э., Хайнц Щ. Биогазовые установки, практическое задание. Иваново, 1996.

5. Расчет отопления для теплицы. [Электронный ресурс] – Режим доступа. www.fermersha.ru

6. Nazarow S., Jumaýew A., Türkmenistanyň welaýatlarynda günüň energiýasyny ulanmagyň mümkinçilikleri. Türkmenistanda ylym we tehnika ylmy-nazary žurnaly, 2019, №6.

К. Saryýew, M.Orazberdiýewa, J.Batmanow