Kafedralar we bölümler

JEMGYÝETI ÖWRENIŞ YLYMLARY KAFEDRASY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Dünýäniň ösen döwletleriniň ylym-bilimde ýeten sepgitleri bilen aýakdaş gitmegimiz, döwrüň talaplaryndan ugur almagymyz XXI asyryň möhüm talabydyr” diýen sözlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasy öz öňünde bilim ulgamyny kämilleşdirmek, talyplaryň hünär taýýarlygyny dünýä ülňüleriniň derejesine ýetirmek, ýokary ahlakly, syýasy taýdan kämil, Watana wepaly, zähmetsöýer, dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryndan baş çykaryp bilýän, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda işlemäge ukyply hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmek ýaly esasy wezipeleri goýýar.

Kafedranyň mugallymlary ähli fakultetlerde we hünärlerde “Filosofiýa”, “Sosiologiýa”, “Syýasaty öwreniş”, “Ykdysady nazaryýet”, “Türkmenistanyň taryhy”, “Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary”, “Häzirki zaman türkmen jemgyýeti” okuw dersleri boýunça umumy we söhbet sapaklary okadýarlar. Şeýle hem, kafedranyň mugallymlary ylmy-barlag, ylmy-amaly we usuly işleri yzygiderli alyp barýarlar. Olar “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sosial-ykdysady, syýasy we medeni ösüşiniň aýratynlyklaryny seljermek” diýen ylmy temanyň üstünde ylmy-barlag işlerini alyp baryp, olaryň netijeleri barada ylmy žurnallaryň sahypalarynda, ylmy-amaly maslahatlarda çykyşlar edýärler.

Kafedranyň agzalary talyplary ylmy işlere çekmek işini alyp barýarlar. Olaryň arasynda okadylýan dersler boýunça olimpiadalar geçirilýär, talyplar yzygiderli ylmy gurnaklara çekilýär. Talyplar bilen ata-babalarymyzyň milli taryhy-medeni mirasyny giňişleýin öwrenmek üçin olar bilen “Gadymy Merw” taryhy ýadygärlikler toplumyna we welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine syýahatlar guralyp durulýar.

Kafedrada mugallymlar bilen ylmy-usuly işler boýunça yzygiderli pikir alyşmalar guralýar. Onda kafedranyň agzalary öz kärdeşleriniň ylmy çykyşlary we habarlary bilen tanyşýarlar. Ylmy-usuly gollanmalary hem taýýarlaýarlar. Bu geçirilýän çäreler mugallymlara özleriniň mugallymçylyk ussatlyklaryny ýokarlandyrmaga we kämilleşdirmäge ýardam edýär.