Kafedralar we bölümler

HIMIÝA WE HIMIÝA TEHNOLOGIÝASY KAFEDRASY

Himiýa we himiýa tehnologiýasy kafedrasy “Ýylylyk elektrik satansiýalarynda suwuň we ýangyjyň tehnologiýasy” hünäri elektrik stansiýalarynda suwuň we ýangyjyň tygşytly hem-de netijeli ulanylmagyny, stansiýalarda suwuň himiki düzgünleriniň amatly guralmagyny, suwy süýjetmegi we duzsuzlandyrmagy, ýangyjy taýýarlamagy, daşky gurşawy goramaklygy başarýan inžener-tehnologlary ýetişdirýär.

Bu kafedra diňe bir öz esasy önümçilik hünärine degişli dersleri alyp barmak bilen çäklenmän, beýleki hünärleriň talyplaryna “Umumy himiýa”, “Ekologiýa we daşky gurşawy goramak”, “Zähmeti goramak”, “Nanotehnologiýanyň esaslary”, “Tehnologiki prosesler we enjamlar”, ýaly umumy inženerçilik dersleriniň birnäçesi boýunça hem bilim berýär.

Kafedrada tejribeli mugallymlar Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy tarapyndan tassyklanan tema boýunça ylmy işi alyp barýarlar we birnäçe talyplara ylmy taýdan ýolbaşçylyk edýärler. Kafedrada “Maryazot” önümçilik birleşiginiň zyňyndy suwlarynyň düzümi, görnüşleri, olardan gymmatly maddalary bölüp almak mümkinçilikleri, Mary döwlet elektrik stansiýasynda wodorod kationirlemek prosesleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, utgaşdyrylan önümçilikleriň hasabyna suwy himiki duzsuzlandyrmagy we ýumşatmagy amala aşyrylmagyň mümkinçilikleri öwrenilýär.