Kafedralar we bölümler

“GAÝTADAN DIKELDILÝÄN ENERGIÝA ÇEŞMELERI” YLMY-ÖNÜMÇILIK MERKEZI

Ylmy-önümçilik merkeziniň düzümine aşakdaky bölümler girýär:

- Fotoelektrik özgerdijiler tehnologiýasy bölümi (PV);

- Gün energiýasyny konsentrirlemek (CSP) we geliotehnika bölümi;

- Bioenergetika we biomassany işlemek bölümi;

- Ýel elektrik stansiýalary bölümi;

- Elektrik energiýasyny akkumulirlemegiň tehnologiýasy bölümi;

- Taslama bölümi.


Ylmy-önümçilik merkeziniň bölümlerinde aşakdaky ugurlar boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar:

- Fotoelektrik özgerdijiler tehnologiýasy bölüminde:Türkmenistanyň çäginde gün energetiki gurluşlary ornaşdyrmagyň ýerlerini saýlap almak, gün kadastryny işläp taýýarlamak we gün energetiki resurslaryna baha bermek boýunça teklipleri hödürlemek; synag (PV) fotoelektrik gün stansiýalaryny ýurdumyzyň welaýatlarynda ulanmaklygyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak we bu babatda teklipleri hödürlemek.

- Gün energiýasyny konsentrirlemek we geliotehnika bölüminde: ykdysadyýetiň pudaklarynda, şeýle hem, jemgyýetçilik ýaşaýşyň gurşawlarynda peýdalanmak üçin, howa we suw geliogyzdyryjylaryň taslamalaryny işläp taýýaralamak; oba hojalyk önümlerini guratmak üçin gün energiýasyny peýdalanmagyň taslamalaryny taýýarlamak; Türkmenistanda (CSP) gün ýylylyk elektrik stansiýalaryny ulanmaklygyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak; ýyladyş we gyzgyn suw üpjünçilik ulgamlary üçin kadalaşdyrmagyň intellektual ulgamlaryny, gurluşlaryny we enjamlaryny ornaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak; ýylylyk ulgamlarynda toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmak ýoly bilen, merkezleşdirilen ýylylyk üpjünçilik ulgamlarynyň, şol bir wagtda-da binanyň öz içinde bar bolan ýylylyk sarp ediliş ulgamlarynyň işini amatly usulda kämilleşdirmek.

- Bioenergetika we biomassany işläp taýýarlamak bölüminde: innowasion tehnologiýalaryň esasynda galyndysyz özbaşdak işleýän bioenergetik toplumyň taslamasyny düzmek boýunça teklipleri hödürlemek; galyndylary gaýtadan işlemekligiň netijesinde biogaz almaklygyň ylmy esaslaryny öwrenmek; oba hojalygynda sarp edilýän ýylylyk we elektrik energiýasyny tygşytlamagyň esaslaryny öwrenmek, meselem, guşlaryň bedenleriniň ýylylyk bölüp çykarmalarynyň tebigy aýratynlyklaryny öwrenmek, gün energiýasyny peýdalanýan ýyladyşhanalardan we guş saklanýan jaýlardan ybarat utgaşdyrylan geliodesgasynyň taslamasyny taýýarlamak; biogazy bug gazanlarynda ýangyç hökmünde ulanmak maksady bilen, oba hojalygyndaky we önümçilikdäki galyndylary peýdalanmagyň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak; iri oba hojalyk toplumlarynda ýangyjyň ýerli görnüşlerini peýdalanýan elektrik öndüriji gurluşlary we biogaz desgalaryny ornaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak.

- Ýel elektrik stansiýalary bölüminde: Türkmenistanyň çäginde ýel energetiki gurluşlary ornaşdyrmagyň ýerlerini saýlap almak; ýel kadastryny işläp taýýarlamak; ýel energetiki resurslaryna baha bermek boýunça teklipleri hödürlemek; ýel elektrik stansiýalaryň tehniki-ulanyş häsiýetnamalaryny ýerli şertlerde öwrenmek.

- Elektrik energiýasyny akkumulirlemegiň tehnologiýasy bölüminde: Elektrik energiýasyny akkumulirleýän ulgamlaryň ýerli şertlerde tehniki-ulanyş häsiýetnamalaryny derňemek; elektrik energiýasyny akkumulirlemekde täze tehnologiýalary ulanmaklygyň ylmy esaslaryny işläp düzmek; ýylylyk energiýasyny akkumulirläp, munuň esasynda elektrik energiýasyny almagyň mümkinçiliklerini we tehnologiýasyny derňemek.

- Taslama bölüminde: Türkmenistanda hereket edýän gaz turbinaly elektrik stansiýalaryň ýanynda uly kuwwatlylyga eýe fotoelektrik gün stansiýalaryny gurnamak boýunça taslamalary işläp düzmek; merkezi elektrik üpjünçilik ulgamyndan uzakda ýerleşýän ilatly obalary kiçi kuwwatlylyga eýe fotoelektrik gün stansiýalaryň hasabyna üpjün etmeklik boýunça taslamalary taýýarlamak we bu stansiýalaryň biznes-planlaryny işläp düzmek.