Kafedralar we bölümler

ELEKTROENERGETIKI ULGAMLAR KAFEDRASY

“Elektroenergetiki ulgamlar” kafedrasy institutyň Energo-tehnologiýa fakultetiniň düzüminde hünär beriji kafedralaryň biri bolup durýar. Kafedrada ,,Elektroenergetiki ulgamlar we torlar” we ,,Elektrik üpjünçiligi” hünärleri boýunça inženerleri taýýarlamak üçin tejribeli mugallymlar zähmet çekýärler. Kafedranyň halypa we tejribeli mugallymlary diňe bir talyplara hünär öwretmek bilen çäklenmän, eýsem ýaş mugallymlara halypalyk goldawlaryny hem berýärler. “Elektroenergetiki ulgamlar” kafedrasynda aşakdaky hünärler boýunça inženerler taýýarlanylýar:

- “Elektroenergetiki ulgamlar we torlar” hünäri boýunça ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy sütüni bolan elektroenergetika pudagynda elektrik energiýasynyň öndürilmegini, aralyklara geçirilmegini, dürli görnüşli sarp edijilere paýlanylmagyny üpjün etjek döwrebap tehnologiýaly energokärhanalarda zähmet çekjek inžener-energetikler taýýarlanylýar;

- “Elektrik üpjünçiligi” hünäri boýunça oba ýerleriniň, şäherleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik kärhanalarynyň, binalarynyň we beýleki binalaryň içerki we daşarky yşyklandyrylyş ulgamyny, köçe yşyklandyryş ulgamyny, şeýle hem ýöriteleşdirilen binalaryň we desgalaryň yşyklandyryş ulgamyny taslamaga, dolandyrmaga, ygtybarly işlemegini üpjün etmäge ukyply döwrebap tehnologiýaly yşyklandyryş ulgamynda zähmet çekjek yşyklandyryş boýunça inžener-elektrikler taýýarlanylýar.

Hünärmenleri taýýarlamakda ylmyň täze gazananlaryndan, innowasion, multimediýa tehnologiýalaryndan we internet ulgamyndan giňden peýdalanylýar. Kafedranyň professor-mugallymlary hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmek we geljekdäki inženerleriň başarnyklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen ylmy-barlag işlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar.