“ENERGIÝA TYGŞYTLAÝYŞ TEHNOLOGIÝALARY” MERKEZI

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistandaky Merkezi bilen Türkmenistanyň hökümetiniň 2020-nji ýylda geçirilmeli çäreleriň ylalaşylan Meýilnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Energiýa tygşytlaýyş tehnologiýalary” atly merkezi döredildi. Bu merkezde şu taslamanyň çäklerinde maddy-enjamlaýyn binýadyny döretmek maksady bilen birinji tapgyrda IT enjamlar işe girizildi. Ikinji tapgyrda energiýany tygşytlamgyň innowasion tehnologiýalary degişli enjamlary almak göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 21-nji fewralynda gol çeken Karary bilen tassyklanan “Energiýany tygşytlamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmek maksady bilen bu merkezde aşakdaky işleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär:

- Energiýany tygşytlamagyň innowasion tehnologiýalary bilen tanyşdyrmak maksady bilen orta hünärmen mekdepleriň okuwçylary we ýokary okuw mekdebiniň talyplary üçin okuwlary we dürli pudaklarda işleýän hünärmenler üçin hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary gurnamak hem-de degişli maglumatlar bilen üpjün etmek;

- Dürli pudaklaryň kärhanalarynda energiýany tygşytlamak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak we energiýanyň sarp edilişi boýunça auditi geçirmegiň ýollaryny kesgitlemek;

- Energiýany tygşytlamagyň innowasion tehnologiýalary boýunça seljermeleri geçirmek we energiýany tygşytlamak boýunça tehnikada we ylymda gazanylan üstünlikleri ýaýratnak we ulanyşa girizmek;

- Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak boýunça taslamalary işläp taýýarlamak we durmuşa ornaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak;

- Energiýany tygşytlamak we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça ylmy-amaly maslahatlary geçirmek.