Kafedralar we bölümler

ELEKTRIK STANSIÝALARY KAFEDRASY

“Elektrik stansiýalary” kafedrasynda “Ýylylyk elektrik stansiýalary”, “Gazturbina desgalary we hereketlendirijileri”, “Adaty däl we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” “Elektrik we ýylylyk energiýasyny öndürmegiň tehnologiýasy” hünärleri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Kafedrada ýylylyk elektrik stansiýalarynda, gazturbinaly elektrik stansiýalarynda, alternatiw energiýa çeşmelerinde guramaçylykly dolandyrmaga, taslama düzmäge we elektrik stansiýalarynyň ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmäge ukyply ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar.

Kafedra degişli hünärler boýunça bilim alýan talyplar ýylylyk elektrik stansiýalarynyň, gazturbina desgalarynyň, adaty däl we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ýylylyk tehniki enjamlarynyň esasy görnüşleriniň işledilmegini gurnamaga we taslamaga, hasaplama işlerini ýerine ýetirmäge we täzelik girizmäge ukyply hünärmenler bolup ýetişýärler.

“Elektrik stansiýalary” kafedrasynda Energetika pudagyny ösdürmek üçin zerur bolan ugurlar boýunça birnäçe ylmy-barlag işler alnyp barylýar. Bu ylmy-barlag işlerinde elektrik energiýasyny öndürmegiň we tygşytlamagyň täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň ylmy esaslary öwrenilýär. Türkmenistanda hereket edýän döwlet elektrik stansiýalarynyň ýylylyk bölegini hasaplamak we ýylylyk ýitgilerini derňemeklige degişli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Ylmy-barlag işlerinde döwrebap usullardan we innowasion tehnologiýalaryndan giňden peýdalanylmagy energetika pudagyna degişli birnäçe meseleleri çözmeklige ýardam berýär.