Kafedralar we bölümler

ENERGETIKA PUDAGYNYŇ YKDYSADYÝETI KAFEDRASY

“Energetika pudagynyň ykdysadyýeti” kafedrasynda “Energetika pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy” hünäri boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. Kafedra Türkmenistanyň Energetika Ministrliginiň garamagyndaky ähli edara-kärhanalar bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. “Energetika pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy” hünäriniň talyplary bu kärhanalarda önümçilik tejribeliklerini geçmek bilen çäklenmän, bu kärhanalaryň ykdysady netijeliligini artdyrmak, maliýe durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça ýyllyk işlerini we diplom işlerini taýýarlaýarlar.

Hünärmen Türkmenistanyň Energetika pudagynyň kärhanalaryna önümçilik-tehnologiki, guramaçylyk, dolandyryş we ylmy-barlag işlerini hem-de tehnologiki prosesleri optimal usullarda geçirmek arkaly, önümiň hilini ýokarlandyrmak we onuň özüne düşýän gymmatyny peseltmek boýunça guramaçylyk çärelerini ýokary okuw mekdebinde alan hünärine laýyklykda amala aşyrmak üçin taýýarlanylýar.

Uçurym „Türkmenenergo“ korporasiýasynyň düzümindäki elektrik stansiýalarynda, podstansiýalarda we beýleki senagat kärhanalarynda, „Türkmenenergogurluşyk“ konserniniň we „Türkmenenergoabatlaýyş“ ýöriteleşdirilen önümçilik birleşiginiň kärhanalarynda we olaryň ýerlerdäki bölümlerinde, „Döwletenergogözegçilik“ kärhanalarynda hem-de ylmy-barlag edaralarynda ýokary bilimli hünärmenlere niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.

"Energetika pudagynyň ykdysadyýeti" kafedrasynyň tejribeli mugallymlary ýurdumyzyň ykdysadyýeti boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. “Energetika pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy” hünäriniň talyplary ykdysadyýet dersinden geçirilýän döwlet ders bäsleşiklerine, şeýle hem halkara internet olimpiadalaryna işjeň gatnaşýarlar.