Kafedralar we bölümler

ELEKTROMEHANIKA KAFEDRASY

„Elektromehanika“ kafedrasy 2010-njy ýylyň 1-nji martynda döredildi.

Elektromehanika kafedrasynda „Senagat desgalarynyň we tehnologiki toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy“ hünäri boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar we olara „Inžener-elektromehanik“ käri berilýär.

Kafedranyň mugallymlary „Senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy“ hünäriniň talyplaryna elektrohereketlendirilişde, elektroenergetikada, maşyngurluşygynda, transportda we önümçiligiň beýleki pudaklarynda, giňden ulanylýan dürli görnüşli elektrik maşynlaryň işleýiş we konstruktiw aýratynlyklary hem-de olaryň esasy häsiýetnamalary barada giňişleýin düşünje berýärler.

Bu hünäriň talyplary Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň garamagyndaky bolan önümçilik kärhanalarynda okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler. Okuw-önümçilik tejribeligi talyplaryň nazary we amaly sapaklarynda alan bilimlerini berkitmäge uly ýardam berýär. Talyplar tejribelikde elektrik stansiýalarynda elektrik energiýasynyň öndürilişiniň, paýlanylyşynyň we aralyga geçirilişiniň tehnologiýasyny hem-de önümçilikde ulanylýan elektromehaniki enjamlaryň gurluş aýratynlyklaryny öwrenýärler.

Kafedranyň mugallymlary önümçiligiň hünärmenleri bilen tejribe alşyp, okuwlaryň hilini ýokarlandyrmaga degişli işleri geçirýärler.

Elektromehanika kafedrasynda Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynda elektrik energiýasynyň öndürilişindäki, geçirilişindäki we ulanylyşyndaky tehnologiki hadysalaryň we elektrohereketlendirilişleriň awtomatlaşdyrylyşyny kämilleşdirmeklige degişli temalar boýunça ylmy-barlag işler alnyp barylýar.