Kafedralar we bölümler

DILLER KAFEDRASY

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Diller kafedrasynda daşary ýurt dillerinden iňlis, rus, hytaý, pars we nemes dilleri okadylýar. Kafedranyň işiniň pedagogiki binýady talyplaryň dil sowatlylygyny we hünär sowatlylygyny ösdürmeklige hem-de kämilleşdirmeklige esaslanýar. Bu bolsa talyplara hünäri boýunça daşary ýurt dilini özleşdirmäge we ony öz hünärleri bilen baglanyşykly alyp barýan ylmy we tejribe işlerinde ulanmaklyga badalga berýär. Hünär dilini öwretmeklik ussat hünärmenleri ýetişdirmegiň aýrylmaz bölegi bolup, hünär ugurly häsiýete eýedir. Şonuň üçin hem, tehniki ugurly ýokary okuw mekdebimizde daşary ýurt dillerini öwretmegiň baş maksady talyplary öz hünärleri bilen baglanyşykly alyp barýan işlerinde daşary ýurt dillerinden peýdalanyp bilmeklige taýýarlamakdan ybaratdyr.

Kafedranyň professor-mugallymlarynyň düzümine hünär derejeleri ýokary, usulyýet babatynda, şeýle hem, terjimeçilik we mugallymçylyk işinde baý tejribä eýe ussat hünärmenler girýär. Olaryň içinde ýurdumyzyň naýbaşy ýokary okuw mekdeplerini tamamlan, galyberse-de daşary ýurtda bilim alyp gelen mugallymlar hem bar. Kafedranyň durmuşa geçirýän okuw meýilnamalary daşary ýurt dillerini öz hünärleri bilen bagly alýan bilimleriniň “gaznasyny” yzygiderli baýlaşdyrmagyň serişdesi hökmünde görüp, şol özleşdiren dillerinden dogry peýdalanyp biljek ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaklygy üpjün eder. Tehniki ugurly ýokary okuw mekdeplerde daşary ýurt dilleriniň hünär ugurly öwredilmekligi şol dilleriň talyplara geçilýän esasy dersleri bilen ýakyn arabaglanyşykly bolmagyny talap edýär. Şeýle ýagdaýda, hünär ugurly bolan daşary ýurt dillerini öwrenmeklik talyplara diňe bir şol dilde gepleşip bilmeklige däl-de, eýsem, sanly tehnologiýalaryň rowaç alýan döwründe maglumat giňişliginde baş alyp çykmaga hem mümkinçilik döredýär.

Hünäri boýunça daşary ýurt dillerini öwrenmek bilen talyplar daşary ýurt dilinde ýazylan ylmy we tehniki tekstlere seljerme bermegi we terjime etmegi başararlar, galyberse-de, hünär diliniň aýratynlyklaryny, leksiki we grammatiki serişdelerini, sözleýiş stilini we ş.m. özleşdirerler.

Diller kafedrasy Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen kabul edilen Döwlet Maksatnamalaryny, ylaýta-da, 2017-nji ýylyň dekabr aýynyň 22-ne kabul edilen “Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmekde öz mynasyp goşandyny goşýar. Has takygy, kafedranyň mugallymlary ylmy-amaly, ylmy-usuly maslahatlar geçirýärler, hünär dilini öwretmegiň nazaryýeti bilen baglanyşykly, şeýle hem, daşary ýurt dillerini öwretmegiň täzeçil usullaryna degişli ylmy dokladlar bilen çykyş edýärler.

Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaklygy ösüşlerimiziň wajyp şerti hökmünde kesgitleýär. Türkmenistan döwletimizde ähli pudaklar boýunça, şol sanda energetika pudagy boýunça ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygyň giň gerim almagy, elbetde, hünär derejesi ýokary, daşary ýurt dillerini suwara bilýän hünärmenleriň ýetişdirilmegini talap edýär. Şonuň üçin, ýurdumyzyň tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geljekki hünärmenleri medeniýetara gatnaşyklara we döwletara hyzmatdaşlyga ýetişdirmeklik aýratyn ähmiýete eýedir.