Kafedralar we bölümler

BEDENTERBIÝE KAFEDRASY

Bedenterbiýe dersini öwretmek bilen talyplaryň watan öňündäki zähmet borjuny ýerine ýetirmäge ukyplylygy, onuň adam bedenine berilýän fiziki agramlary götermäge ukyplylygy, çeýeligi, güýji, şeýle hem sportuň dürli görnüşleri boýunça ýeten derejeleri barlanýar. Talyplar öz saýlan hünärleri boýunça islendik kärhanada sportyň birnäçe görnüşleri boýunça düşünjeleriniň bardygyny we gerek bolsa ýaryşlara türgen hökmünde ýa-da emin hökmünde gatnaşmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem sanly tehnologiýa ulgamynda bedenterbiýe we sporta degişli terminleri we düşünjeleri öwrenerler. Talyplary Bedenterbiýe dersiniň öwrenýän esasy meseleleri bilen giňişleýin tanyşdyrmak we öwrenen bilimlerini durmuşda peýdalanmaklygy başarmak endigini döretmek, bedenterbiýe we sportuň ösüş taryhyndan düşünje bermek, Garaşsyzlyk ýyllarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk zamanasynda milli türkmen sportynyň ösüşiniň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat bermek we öwretmek, talyplaryň saglygyny berkitmek, talyplary saýlap alan hünäri boýunça zähmete we harby gulluga taýýarlamak, talyplara sagdyn ýaşaýyş durmuşuny ornaşdyrmakda, terbiýeçilik çärelerini geçirmekde bedenterbiýe we sport serişdeleriniň tutýan ornuny düşündirmek we olary gündelik durmuşda ulanmagy öwretmek, amaly sapaklaryň tehnikalary we taktikalary bilen tanyşdyrmak we olary öwrenmek, sanly tehnologiýa ulgamlarynyň sportda we bedenterbiýede tutýan orny barada düşünjeler öwretmek şu kafedranyň esasy maksatlary bolup durýar.