Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Mary şäherindäki Ýokary tehniki kollejiň binýadynda Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň Karary bilen 1997-nji ýylyň 12-nji awgustynda döredildi. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň garamagyndaky pudaklaýyn ýokary okuw mekdebidir. Institutda 4 fakultet we 13 kafedra hereket edýär.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze binalar toplumy 2010-njy ýylyň 15-nji fewralynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp, ulanylmaga berildi. Milli Liderimiziň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe „Döwlet adam üçindir“ diýen baş taglymatynyň miweleriniň biri bolan institut 6 sany binalar toplumyndan ybarat: administratiw-dolandyryş binasy, okuw binasy, tejribe binasy, sport zalynyň we naharhananyň binasy, hersi 250 orunlyk talyplara niýetlenen 2 sany umumy ýaşaýyş jaýlar binalarydyr. Institutyň okuw we tejribe binalary häzirkizaman interaktiw-multimedia, kompýuter tehnologiýalary, lingafon otaglary, öňdebaryjy okuw-tehniki enjamlary we abzallary, tehniki serişdeleri bilen üpjün edilendir. Umumy ýaşaýyş jaýlarynda talyplaryň ýaşamaklary, okamaklary we dynç almaklary üçin ähli amatlyklar we şertler döredilendir. Olarda “Galkynyş”, kompýuter, okalga, dynç alyş, gyzlar üçin tikinçilik otaglary ýerleşdirilen. Institutda, şeýle-de, döwrebap Tehniki serişdeler bölümi, kitaphana, ähli binalarda peýdalanmak mümkinçiligi bolan elektron kitaphana, internet otagy, okuw ussahanasy, 300 orunluk dabaralar zaly, „Kuwwat“ çeper höwesjeňler topary, talyplar sport kluby, sport meýdançalary bar.

Institutyň professor-mugallymlary talyplara berilýän ylym-bilimiň önümçilik bilen berk baglanşygyny saklamak maksady bilen nazary, amaly we tejribe okuwlarynyň mazmunyny çuňlaşdyrmak, baýlaşdyrmak, kämilleşdirmek ugrunda yzygiderli tagalla edýärler, ylmy-barlag işleri alyp barýarlar, okuw kitaplarydyr gollanmalaryny taýýarlaýarlar. Institutda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we Zenanlar birleşiginiň ilkinji guramalary hereket edýär. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň edara-kärhanalary üçin zerur bolan energetika, senagat, maşyngurluşyk ugurlary boýunça dürli hünärdäki ýokary bilimli inženerler taýýarlanylýar.



Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty şu aşakdaky daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk edýär:

1. Milanyň Politehniki uniwersiteti (www.polimi.it);

2. Seul Milli ylym we tehnologiýa uniwersiteti (www.en.seoultech.ac.kr);

3. Kazanyň Döwlet energetika uniwersiteti (www.kgeu.ru);

4. Islam Karimow adyndaky Daşkent döwlet tehniki uniwersiteti (www.tdtu.uz);

5. Brest döwlet tehniki uniwersiteti (www.tk.bstu.by);

6. Insburk şäheriniň Menejment merkezi (www.mci.edu).